Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB üçin Günorta Kawkazyň ähmiýeti aşaklaýar


Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katherine Aşton
Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katherine Aşton

Aýdylyşyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katherine Aşton Bileleşigiň Günorta Kawkaz we Moldowa boýunça ýörite wekilçilik ornuny ýatyrmagy teklip edipdir. Bu göçüme Bileleşigiň gündogar goňşulary bilen bolan gyzyklanmasynyň azalmagy diýip, baha berilýär.


Diplomatlar bu orunlaryň ýatyrylmagy hakdaky teklibiň agza döwletleriň köpüsi we ýörite wekilleriň özleri üçinem garaşylmadyk hadysa bolandygyny aýdýarlar.

Teklip agza döwletler tarapyndan oňlansa, Bileleşigiň region bilen göni gatnaşygy azalyp, bu hökümetleriň Brýussele elýeterliligi çäklenýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutýan regionlarynyň sanawynda Moldowa bilen Günorta Kawkazyň orny aşaklaýar.

Aştonyň teklibi agza döwletleriň arasynda jedele sebäp bolar diýlip pikir edilýär. Munuň ilkinji sebäbi onuň Ýewropa Bileleşigi-Orsýet sammitinden sanlyja gün oň bildirilenligidir.

Ýewropa Bileleşiginiň häzir 11 sany ýörite wekili bar. Olar Günorta Kawkaz bilen Moldowadan daşgary Sudan, Kosowo, Makedoniýa, Bosniýa, Orta Aziýa, Owganystan, şeýle hem Afrikanyň Greýt Leýks regionynda iş alyp barýarlar. Afrikan Birligi we Orta Gündogaryň ýaraşyk prosesi boýunça hem ýörite wekiller bellenildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morele 2008-nji ýylyň awgust urşundan soň Gürjüstanda dörän krizisi ýeňip geçmek boýunça hem ýörite wekilçilik wezipesi tabşyryldy.

Uly güýç syýasaty


Hanym Aştonyň hatyndan çen tutsaň, geografiki taýdan uzak regionlardan ýörite wekiller aýrylyp, diňe Ýewropa Bileleşigi üçin möhüm ýerler galdyrylana meňzeýär. Şeýlelikde Ýewropanyň çözülmän ýatan konfliktli regiony ýörite wekilsiz galýar.

Aştonyň täze planyna tankydy garaýan diplomatlar Sudan we Orta Aziýa boýunça ýörite wekilleriň saklanyp galmagyna salgylanyp: “Bu regionlar Günorta Kawkazdan uzak, şol sebäpden bu göçüme Bileleşigiň Günorta Kawkaz bilen gyzyklanmasynyň azalmagy diýip düşüniler” diýýärler.

Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginiň Gürjüstanda 2003-nji ýylda bolan “Mämişi gül rewolýusiýasyndan” bäri ýörite wekili bar.

Bu göçüm Bileleşikde indi uly güýç syýasatyna ýykgyn edilýänligini-de görkezýär. Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa bosa Owganystanda iş alyp barýandyklary sebäpli Merkezi Aziýa bilen aýratyn gyzyklanýarlar.
XS
SM
MD
LG