Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Gürjüstanda geçirilen saýlawlary tankytlaýar


Gürjüstanda bazar güni häkimiýetiň ýerli organlaryna geçirilen saýlawlardaky düýpli düzgün bozmalary ÝHHG-niň synçylary hasaba aldylar.

“Saýlawlaryň gurnalyşy häkimiýetleriň halkara standartlaryna ýetmek isleginde progresiň bardygyny görkezýär. Ýöne saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýada hemme kandidatlar üçin şertler deň bolmady, saýlawlar güni býulleten taşlama wakalary hasaba alyndy” –diýlip, ÝHHG-niň missiýanyň beýannamasynda bellenýär.

Deslapky maglumatlara görä, häkimiýetiň ýerli organlaryna saýlawlarda prezident Mihail Saakaşwiliniň partiýasy ýeňiş gazanypdyr.

Tbilisiniň häkiminiň ilkinji gezek geçirilen göni saýlawlarynda Saakaşwiliniň kandidaty öňde barýar.
XS
SM
MD
LG