Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň prezidenti iş başyndan çekildi


Germaniýanyň prezidenti Hors Keler iş başyndan çekildi. Onuň bu kararynyň dessine güýje girýändigini Keler aýtdy.

Owganystandaky halkara missiýa nemes harbylarynyň gatnaşygy barasynda onuň aýdyn pikirleri soňky günler ýiti tankyt astyna alyndy.

Ýakynda Owganystana baryp gelen Keller german ýaragly güýçleri diňe bir Owganystany däl, şol sanda Germaniýanyň ykdysady bähbitlerinem goraýar diýdi.

Parlament tarapyndjan täze prezident saýlanýança prezidentiň wezipesini german parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy ýerine ýetirer.
XS
SM
MD
LG