Sepleriň elýeterliligi

Bruşteýn Türkmenistanyň puluny ogurlamakda günäli tapyldy


Saweliý Bruşteýn
Moskwanyň Zamoskworesk sudy biznesmen Saweliý Bruşteýni Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan 2002-nji ýylda 20 million dollar ogurlamakda günäli tapdy hem ony alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Bruşteýn bankyň swiftini bilip, elektron bank sistemasy arkaly millionlarça dollary Türkmenistanyň daşyna çykarypdyr.

Bruşteýn 2003-nji ýylda tussag edilip, 2008-nji ýylda Çehiýa respublikasyndan Orsýete ugradylypdy.

Orsýetli sud resmileri Türkmenistanyň Bruşteýnden 20 million dollary talap etmäge haklydygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG