Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Häkimiýetleriň özünde mesele çözmäge isleg bolmaly


(sagdan) Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, hem-de Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň resmileri.

(sagdan) Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, hem-de Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň resmileri.

Fransiýanyň DIM-niň ýanyndaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Fransua Zimere Türkmenistanda boldy. Onuň Türkmenistana gelmegi resmi propagandanyň tassyklamalary bilen bu ýurtdaky real ýagdaýyň arasynda ullakan gorpuň bardygyny ýene bir gezek görkezdi.


Beýleki myhmanlar ýaly fransiýaly wekili hem öňden taýynlanan programma boýunça kabul etdiler. Mejlisde bolan duşuşykda adam hukuklary boýunça alnyp barylýan uly möçberli reformalaryň tarypyny ýetiren bolsalar gerek.

Myhmanlaryň öňünde häkimiýetiň položitel obrazyny döretmek üçin ideologiýanyň berýän görkezmelerini ýerine ýetirýän hem häkimiýetiň işlerini reklama edýän ýörite çinownikler, spesialistler bar. Ýöne şol adamlar bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: olar ýurda gelýän myhmanlary Türkmenistanyň jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, syýasy, ykdysady, sosial we beýleki adam hukuklaryny ýerine ýetirmek boýunça köptaraplaýyn iş alyp barýar diýip ynandyrmaly.

1936-njy ýylda kabul edilen Stalin konstitusiýasy öz döwründe demokratik pikiriň nugsasy hasap edilýärdi. Kagyz ýüzünde hemme zat gülala-güllükdi. Türkmenistan adam hukuklary boýunça esasy halkara dokumentleriniň hemmesine goşuldy. Döwletiň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirýändigini resmi propaganda aýagaldygyny tassyklaýar.

Halkara reýtinglerdäki orny

Ýöne näme üçindir esasy halkara reýtinglerde, görkezijilerde Türkmenistan dünýäde iň repressiw ýurtlaryň hatarynda hem Demirgazyk Koreýa bilen ýanaşyk dur. Bu ýagdaýdan günbatarly myhmanlar, ylaýta-da adam hukuklary bilen iş salyşýan spesialistler habarly. Olaryň ýurda gelmegi propagandistik beýannamalar bilen hakyky ýagdaýyň arasyndaky gorpy nähili-de bolsa daraltmaga synanyşykdyr.

Hiç bir owadan söz ýa boş wada şol hakykaty hem gorpy gizläp ýa ýaşyryp bilmez. Ýurtda näme üçin erkin ondan-oňa baryp gelmek azatlygy ýok? Ýöne munuň sebäbini ideologik organlar düşündirip bilmeýärler. Bu ýerde esasy mesele ýurda gelmek hem ýurtdan çykmak problemasy.

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň hatarynda. Onuň türme sistemasy hasam syrly, juda berk ýapyk. Halkara guramalar ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň türmelerine we zähmet koloniýalaryna baryp görmek isleýärler, özleriniň şol ýerlere goýberilmegini haýyş edýärler. S.Nyýazowyň ölenine üç ýyl geçensoňam, häkimiýetler türmede oturanlaryň garaşsyz goragyndan dürli bahanalar bilen ýüz öwrüp gelýärler.

Häkimiýetleriň özünden gerek

Fransiýaly myhmanyň öňünde Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň daşary ýurtlynyň ünsüni esasy meselelerden hem soraglardan sowmak üçin ýüz uran pyrryldyklaryny diňe göz önüne getirmek mümkin. Fransua Zimere edil şonuň ýaly hereketleri Adalat ministrliginde-de, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda-da görmäge mejbur boldy.

Elbetde, günbatarly myhmanlar türkmen ýolbaşçylaryndan ýurtda adam hukuklary bilen bagly meseleleri anyk çözmegi talap etmezler. Hiç bir talapyň meseläni doňup duran nokadyndan gozgamajagyna daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar gowy düşünýärler. Bu ýerde häkimiýetleriň özünde mesele çözmäge isleg, gyzyklanma bolmaly.

“Türkmenistanda adam hukuklary goralýar, berjaý edilýär” diýilýäň ideologiýanyň tassyklamalary diňe ýurduň içi üçin, daşynda oňa ynanýan ýok. Şol tassyklamalaryň netijesi nola deň. Şol tassyklamalar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça häkimiýetleriň uludan-uly planlaryna çapraz gelýär. Indi ösüşe ideologiýanyň aýakbagy bolýandygy aýan boldy. Ýöne ol kimlere aýan, kimlere-de häzirlikçe diňe güman.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG