Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidentiniň permanyna laýyklykda, Çagalary goramak boýunça halkara gününe gabatlap geçirilýän günä geçişlik türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bütewüligini mudan beýläk-de berkitmek maksadyna gönükdirilýär. Bu günä geçişlik Türkmenistanda bir aýyň dowamynda gurnalan şuňa meňzeş ikinji çäredir.


Türkmenistanda yglan edilen günä geçiş çäresi, resmi maglumatlara görä, “Rehimdarlykdyr adalatlylyk prinsiplerine esaslanyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bütewüligini mudan beýläk-de berkitmek maksadyna gönükdirilýär. Şeýle-de dünýä derejeisnde 1-nji iýunda geçirilýän Çagalary goramak boýunça halkara gününe gabatlap amala aşyrylýar.

Türkmen metbugatynda, prezident G.Berdimuhamedowyň günä geçiş barada 28-nji maýda gol çeken permanyna laýyklykda, tussaglaryň ençemesiniň jeza möhletinden boşadylýanlygy habar berildi. Emma bu nobatdaky günä geçişiň tussglaryň haýsy kategoriýalaryna degişli boljagy we boşadylýanlaryň sany barada resmi maglumat ýok.

Şu aýyň başynda Ýeňiş baýramynyň 65 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen günä geçişlik yglan edilende hem örän çäkli maglumat berlip, boşadylanlaryň sany barada türkmen habar serişdelerinde habar berilmändi. Häzirki günä geçişlik şu ýylyň başyndan bäri üçünji, şu aýyň başyndan bäri-de, ikinjii şeýle çäredir.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow häzirki günä geçişde boşadylýanlaryň sany barada entek maglumatynyň ýokdugyny aýdyp, şu ýyldaky günä geçişleriň üçüsiniň-de boşadylanlaryň takyk sanynyň metbugatda çap edilmänligi bilen tapawutlanýanlygyny belledi.

W.Ponomarýow özünde bar bolan maglumatlara görä, şu ýylyň fewral aýynda 100-e golaý adamyň, şol sanda öňki ýokary derejeli resmilerden ençemesiniň boşadylanlygyny aýtdy.

Kimler boşadylýar?

Witaliý Ponomarýow, Türkmenistandaky öz çeşmelerine salgylanyp, Azatlyk Radiosyna häzirki günä geçişlikde kämillik ýaşyna ýetmedik käbir tussaglaryň we parlamentiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewiň aýalynyň boşadylýanlygyny aýtdy.

Türkmenistanly synçylar günä geçişliklerde wagtyndan öň erkinlige goýberilýänleriň arasynda neşe söwdasynda tutulyp tussag edilenleriň boşadylmagynyň uly problema bolup galýanlygyny belleýärler.

Türkmenistanly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna şu sapar hem gysga möhletlik türme tussaglygyna höküm edilen neşe söwdagärleriniň ençemesiniň boşadylanlygyny aýtdylar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Parahat Ilmyradow neşe söwdasyna baş goşýan tutuş maşgalalaryň mysallaryny getirip, neşe söwdasyna baş goşýanlaryň günä geçişlerde türmeden çykyp, adatça, ýene jenaýatçylyga baş goşýanlygyna ünsi çekýär.

Günä geçişlerde boşadylýan tussaglaryň sanawlaryna neşe söwdagärlerini goşmazlyk Türkmenistanyň ýakynda kabul edilen Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine girizilen düzedişleriň we goşmaçalaryň şu ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýänligi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Ozallar ýylda bir gezek, Gadyr gijesinde ortaça hasapdan 10 müňe golaý adam tussaglykdan birden boşadylan bolsa, 2007-nji ýylda G.Berdimuhamedowyň girizen täze düzgünine laýyklykda, günä geçişler ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn geçirilip, adatça, baýramçylyklara gabatlap amala aşyrylýar.

Günä geçişlikler nämäni subut edýär?

Türkmenistanyň prezidentiniň 28-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, günä geçiş ýaly aksiýalar türkmen halkynyň ynsansöýerlik däp-dessurlaryna eýerýänliginiň subutnamasy bolup durýar. Emma synçylar Türkmenistandaky günä geçişleri ýurduň sud we jezalandyryş sistemasynyň kemçilikleri bilen baglanyşdyrýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witali Ponomarýowyň pikirine görä, Garaşsyzlyk döwrüniň günä geçişleri Türkmenistanyň kanuny goraýyş sistemasynyň gowşaklygyny, adalatly suduň ýoklugyny we belli bir derejede jezalandyryşyň çakdanaşa ýowuzlygyny subut edip gelýär.

Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan tussaglaryň sany barada resmi statistiki sanlar köpçülige ýetirilmeýär. Emma Türkmenistanyň Garaşsyz aklawçylar birleşmesiniň şu ýylyň fewral aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň her 100 müň raýatyndan 534 adam tussaglykda diýlip görkezilýär.

Türkmenistanda jenýatçylygyň ösmeginiň sebäpleri belli bir derejede dünýäde neşe önümçiliginiň esasy ojagy hasaplanýan Owganystan bilen serhetdeş ýurtlara mahsus neşe gaçakçylygy, neşe söwdasy we neşekeşlik bilen baglanyşdyrylýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ilatyň durmuş derejesiniň pesligi we işsizlik ýaly problemalar hem muňa ýeterlik sebäpdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG