Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary gazanç etmäge näme mejbur edýär?!


Türkmenistanly çagalar
Türkmenistanly çagalar

1-nji iýun — Çagalary goramagyň Halkara günüdir!


Gadym döwürlerde ötegçi-geçegçiler bir ýurduň ýagdaýyny biljek bolsalar, şol ýurduň bazarlaryna aýlanar ekenler.

Bazarlar, dogrudanam, halkyň nä haldadygyny-da, ýurduň azyk ýagdaýyny-da aýnada ýaly, aýan görkezip durlar. Bu ýagdaý türkmen bazarlarynyň mysalynda-da şeýle.

Bazarlarda ilkinji nobatda gözüňe ilýän zat — ellerine buzgaýmakdyr kagyza dolangy çigit, gutapdyr suw alyp, ylgap ýören dürli ýaşdaky çagalar. Olar haryt satyp duranlara-da, alyjylara-da, öýlerine gaýtmak üçin awtobuslara münüp oturanlara-da, awtobuslardyr bazara baran ýeňil maşynlaryň sürüjilerine-de ellerindäki harytlary ýeke-ekeden hödürläp, ýalbaryp çykýarlar. «Agam, buzgaýmak alaý», «Gelneje, çigit alaý», «Daýy, gyzgynjak gutap bar, ýekejesini alaý», «Atam, ýekeje gutabymy alaý» diýen sesler bazar başlanyp, soňlanýança bazar meýdançasynda her ädimde eşidilip durýar. Kimler olaryň hödürleýän harytlaryny satyn alýarlar, kimler seslerini çykarman, olaryň ýüzüne-de seretmän geçip gidýärler, kimler bolsa: «Ýürege düşdüň» diýip sögýärler.

Dileg edýän ejesiniň ýanynda durup, el serip duran çagalara-da bazarda duşup bolýar. Cagalaryň käsi bolsa, heniz kämillik ýaşyna ýetmedigi mese-mälim bildirip duran çepiksije göwresini arabanyň agajyna baglap, agyr-agyr ýük urlan arabalary çekýärler.

Gözlerimiziň öňünde

Öňler biz beýle zatlary käbir yzagalak, daşary ýurt filmlerinde synlardyk. Ine, indi bolsa, bu zatlar hut biziň öz Watanymyzda, öz gözlerimiziň öňünde geçip dur.

Dünýäde çagalary goramagyň Halkara güni indi nijeme ýyllar bäri bellenip geçilýär. Ol Türkmenistanda-da bellenilýär. Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenmegi elbetde, gowy zat. Ýöne ýylyň bir gününi oňa bagyşlanyň bilen, şol güni aýdym-sazlar bilen garşylap-ugradanyň bilen dünýädäki çagalaryň bary bagtly bolaýanok.

Çagalary bagtly etmek üçin ilkinji nobatda ene-atalary bagtly etmeli, çagalary goramak üçin ilkinji nobatda ene-atalary goramaly. Goragly ene-atalar, bagtly ene-atalar çagalaryny goraýar hem bagtly edýärler.

Türkmenistanyň sosializmden kapitalizme geçmeginiň netijesinde hem-de Sowet soýuzynyň dargamagynyň netijesinde öňki aragatnaşykda bolan on bäş respublikanyň ähli sferalarda gatnaşyklarynyň üzülmeginiň netijesinde ýapylan kärhanalar, täzeden döredilen edara-kärhanalar öýe gazanç getirýän ene-atalaryň durmuşyna örän erbet täsir etdi. Işsiz galanlar örän köpeldi. Şunuň netijesinde maşgaladaky girdeji aladasy çagalaryň-da başyna düşdi. Diňe bazarlarda däl, eýsem öýleriň-de gapylaryny kakyşyp, «Mekge alyň», «Ýumurtga alyň» diýşip, aýlanyp ýören çagalar günsaýyn köpelmese, azalanok.

Köpler “kompýuterlik” däl


Bir ýandan seretseň, hökümet çagalaryň hem aladasyny edýän ýaly. Üç ýaşyna çenli bolan çagalaryň kömek puly dikeldildi. Çagalara gurjak teatry, sirk sowgat edildi. Multimedialy mekdepler gurulýar. Mekdepler kompýuterler bilen doldurylýar. Çagalar üçin şypahanalar, dynç alyş lagerleri açylýar. Ýöne ol şypahanalara, dynç alyş lagerlerine çagalar saýlanyp eltilýär. Hemme çagalaryň ol ýerlerde dynç almaga mümkinçiligi ýok.

Mekdeplerde kompýuterler bolanda-da, ony käbir sapakda elläp göreni bilen çaga kompýuteri doly özleşdirip bilmeýär. Şonuň üçin kompýuter her bir çagaly öýde bolmaly. Bu derejä ýetere entek türkmen maşgalalarynyň ýagdaýy pes.

Aýratyn-da, obalarda ýaşaýan adamlaryň ýagdaýy has pes. Olar çagalaryna 400-500 dollarlyk kompýuter alyp bermegä-hä beýlede dursun, gündelik iýjek çörek pullaryny gazanmak üçin şäherlere bosýarlar. Has kämilleşdirilen, bahasy 700-1000 amerikan dollary bolan kompýuterleri-hä türkmenleriň oba çagalary düýşlerinde-de görüp bilmeýärler. Türkmenistanyň ilatynyň esli bölegi obada ýaşaýar. Şol bölegiň on prosenti çagalaryna kompýuter alyp berýändir diýip pikir edip bilsegem, biziň üçin ýagdaý begenerlikdir.

Ýurduň ilatynyň esli böleginiň çagalarynyň kompýuterli däldigi, olaryň internete çatlyşyp bilmezligi geljekki nesilleri aňly-düşünjeli edip bolar diýen umydy puja çykarýar. Şäherleriň ilatynyň hem her biriniň öýünde kompýuter bardyr diýip aýdyp bolmaz.

Çagalar üçin doly mugt medisina kömegi ýok. Aýratyn-da koordiologiýa merkezi ýaly agyr operasiýalary geçirýän hassahanalara düşýän çagalar üçin ýagdaý kyn. Çagalaryň ýüregini operasiýa etdirmek üçin üç müň amerikan dollaryndan bäş müň amerikan dollaryna çenli tölemeli. Bu puly kim tapýar, kim bolsa tapanok.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG