Sepleriň elýeterliligi

BMG gämä hüjümi ýazgarýar we bitarap derňewe çagyrýar


Şu gün BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi duşenbe güni ysraýyl harbylarynyň Gaza barýan kömek gämisine çozmagyny ýazgardy. Bu hüjüm graždan adamlaryň ölmegine getirdi.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda 10 sagatdan gowraga çeken gepleşiklerden soň formal beýanat kabul edildi. Howpsuzlyk geňeşi «bitarap» we «açyk derňew» geçirilmegine çagyrdy.

Bu beýanat palestinalylaryň, arap döwletleriniň we Türkiýäniň talap edişinden gowşagrak boldy. Olar Ysraýylyň hüjümlerini berk ýazgarmaga we garaşsyz halkara derňewine çagyrypdylar.

Howpsuzlyuk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Fransiýa, Orsýet we Hytaý Ysraýylyň Gaza gabawynyň aýrylmagyna we garaşsyz derňew geçirlmegine çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG