Sepleriň elýeterliligi

Häkimiýetler Owganystanda iki hristian toparynyň işini togtatdy


Owgan häkimiýetleri daşary ýurtly hristan kömek toparlarynyň ikisiniň işini togtatdy. Olar adamlary dinini çalşyrmaga yrjak bolmakda güman edilýär.

Owgan hökümetiniň jemgyýetçilik guramalarynyň işine gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary Mohammad Haşim Maer düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Dünýä ybadathana hyzmatynyň we Norweg ybadathana kömeginiň işiniň aýdylýan zatlar derňelýäçä togtadylandygyny aýtdy.

Bu guramalaryň ikisi hem özlerine birdirilýän aýyplamany ret edýär.

Maer resmilerde adamlary dinini çalşyrmaga yrmak synanyşygy barada telehabarlardan başga subutnamanyň ýokdugyny aýdýar.

Musulman ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Owganystanda adamlary dinini üýtgetmäge iteklemek bikanun.
XS
SM
MD
LG