Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe ýaralanan aktiwistler üçin uçar iberýär


Türkiýe Palestina kömek alyp barýan gämä edilen hüjümde ýaralanan aktiwistleri getirmek üçin Ysraýyla uçar iberýändigini aýdýar.

Ol uçaryň ysraýyl harbylarynyň duşenbe güni kömek gämisine eden hüjüm mahalynda ýaralanan türk raýatlarynyň 20 çemesini alyp gelmegine garaşylýar.

Ysraýlyň Gaza gabawyna golaýlan türk gämisine hüjüm edilmegi bu iki ýurduň öňden hem dartgynly gatnaşygyna zyýan ýetirdi.

Ol gämide 700 çemesi aktiwist bardy. Olaryň köpüsi Türkiýedendi. Şeýle-de gämide Birleşen Ştatlardan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, Ysraýyl hem Palestin topraklaryndan hem adamlar bardy.

Olar 6 gämiden ybarat kömek kerweniniň eltilen ýerine, Ysraýylyň Aşdod portuna äkidildi.

Aktiwistleriň käbiri tussag edilse, başgalary deportasiýa edilýär.
XS
SM
MD
LG