Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruşdi fatwanyň indi kiçijik meseledigini aýdýar


Tanymal ýazyjy Salman Ruşdi özüne Eýranyň öňki lideri tarapyndan yglan edilen ölüm höküminiň indi öz gündelik durmuşyna täsir etmeýändigini, ýöne bu meseläniň entek aýrylyp hem gitmeýändigini aýtdy.

Ruşdi bu barada ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Eli Wisel bilen söz azatlygy we adam hukuklary barada çykyş edenden aýtdy.

Eýranyň öňki lideri Aýatolla Homeýniniň 1989-njy ýylda çykaran fatwasy Ruşdiniň on ýyllap gizlenip ýaşamagyna sebäp bolupdy.

Homeýni onuň «Şeýtan aýatlary» kitabynda yslama şek etirilýändigini aýdyp, musulmanlaryň ony öldürmegini buýrupdy.
XS
SM
MD
LG