Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýetde žurnalistlere daralyşyndan alada bildirýär


ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompuý şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen geçirýän sammitinde ÝB-niň Orsýetde adam hukuklarynyň we žurnalistleriň ýagdaýyndan alada edýändigini aýtdy.

Wan Rompuý bu beýanaty Orsýetiň Don boýundaky Rostow şäherinde geçýän sammitde etdi.

Şeýle-de ol Medwedew bilen Ýewropanyň Çeçenistanda we Demirgazyk Kawkazyň beýleki ýerlerinde edilýän bikanunçylara çäre görülmezligi barada alada edýändigini aýtdy.

Prezident Dmitriý Medwedew bu sammitde bir topar meselä, şol sanda wizasyz syýahat we rus ykdysadyýetini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ösdürmek barada maslahat ediljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG