Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenistandaky durnuklylyk awtoritarizme daýanýar”


«Birleşen Ýewraziýa ekspertler seti» postsowet giňişligindäki syýasy režimleriň durnuklylyk reýtinginin çap etdi.

Bu gurama postsowet giňişligindäki ýurtlaryň Orsýetden başgasynyň syýasy režimleri barada reýtinler tapgyryny çap edýär.

Pikir soraşlyklara gatnaşyjylar Azerbaýjana syýasy taýdan durnukly, syýasy sistemasy boýunça postsowet giňişliginde iň berk diýen bahany beripdirler.

Ikinji orny Gazagystan eýeleýär. Bu ýurtda syýasy durnyklylyk ýeterlik, syýasy sistema hem berk diýlipdir.

Dördünji orny Belarus, bäşinji orny Baltika ýurtlary, altynjy orny Täjigistan, Özbegistan we Ermenistan eýeleýär.

Soňky, ýagny 7-nji orun Ukriana, Moldowa, Gürjüstana we Gyrgyzystana berlipdir.

Türkmenistan sanawda 3-nji orny eýeleýär. Ekspertler bu ýurduň syýasy ýagdaýyny durnukly, režimini berk hasaplaýarlar.

Ekspertleriň pikirine görä, Türkmensitanyň durnuklylygy ýokary derejedäki awtoritarizme daýanýar.
XS
SM
MD
LG