Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG hüjümler boýunça bitarap derňewe çagyrýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Gaza sektoryna kömek ýüklerini alyp barýan gämilere Ysraýyl tarapyndan edilen we adam pidalaryna getiren harby hüjümleri ýazgardy we bu waka boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy.

31-nji maýda bolan wakada Palestina tarapdar aktiwistlerden azyndan dokuz adam wepat boldy. Emma BMG-niň 12 sagatlap dowam eden çekeleşikleriň netijesinde kabul edilen bu beýannamasy Türkiýäniň we arap döwletleriniň talap edişinden has ýumşak boldy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi öz maslahatyndan soň eden beýannamasynda azyndan dokuz adamynyň ölümine sebäp bolan wakalary ýazgaryp, “bitarap” we açyk derňewleriň” geçirilmegine çagyrdy. Emma bu beýannama Türkiýäniň, Palestinanyň we arap döwletleriniň talaplaryndan has aram häsiýete eýe boldy.

Gaza sektoryna ýardam ýüklerini eltmek üçin Ysraýylyň harby deňiz gabawyny böwsüp geçmäge synanyşan gämileri saklamak boýunça Ysraýyl tarapyndan görlen harby çäreler halkara derejesinde berk tankytlara uçrady. Ysraýyl bilen uzak wagtlap dostlukly gatnaşyklary saklan Türkiýe Ysraýylyň hereketlerini ilkinji bolup ýazgaryp çykyş eden ýurt boldy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň wekili Selim Ýenel Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde wakanyň bitarap suw giňişliginde bolanlygyny aýdyp, Ysraýylyň hereketleriniň halkara kanunlary gödek bozanlygyny belledi.

Adam pidalaryna sebäp bolan waka Palestinanyň tarapyny tutýan aktiwistleriň başky gämisine Ysraýylyň harby desantlarynyň hüjümi netijesinde döredi. Taraplaryň ikisi-de söweşiň başlanmagynda birek-biregi günäleýärler.

Azat Gaza hereketiniň wekillerinden Greta Berlin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ysraýl harbylarynyň dikuçardan gämä düşüp-düşmänkäler derrew ot açyp başlandyklaryny we uklap ýatan adamlara hüjüm edendiklerini aýtdy.

Kim jogapkär?

Türkiýe Ysraýylyň doly jogapkärdigini öňe süren bolsa, ABŞ Palestina tarapdar aktiwistleriň hem jogapkärçiliginiň bardygyny belledi.

Wepat bolanlaryň köpüsi türkler bolup, türk aktiwistleriniň ýüzlerçesi we türk gämisi Ysraýyl tarapyndan saklanylýar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Adatdan daşary sessiýasy Ankaranyň çagyryşy bilen geçirildi. Türkiýäniň Daşary işler ministri A.Dawutogly Ysraýylyň hereketleri bilen öz halkara abraýyna kölege salnanlygyny aýtdy.

Ysraýyl tarapy kanunyň çäginde hereket edenligini öňe sürýär. Ysraýylyň ilçisiniň orunbasary Daniel Karmon aktiwistleriň maksatlaryna şübhe bildirip, parahatçylyk ugrunda hereket edýän adamlaryň öz gämisine baran adamlara garşy ýarag ulanmaýanlygyny belledi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi öz beýannamasynda Ysraýyl tarapyndan saklanýan gämileriň we graždan adamlaryň goýberilmegini talap etdi.

Howpsuzlyk geňeşi şeýle-de Ysraýyly saklanan adamlaryň öz konsulhanalaryna ýüzlenmegine rugsat bermäge, ölenleriň we ýaralananlaryň öz ýurtlaryna äkidilmegine mümkinçilik döretmäge we Palestina barýan kömek ýükleriniň Gaza sektoryna eltilmegine kepil geçmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG