Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa taşlanan bäbekleri nädip goraýar?


Çagalaryň ene-atalary tarapyndan taşlanmagy köneden gelýän problema. Ozalky döwürlerde öz perzentlerini eklemäge ukypsyz aýallar çagalary ybadathanalarda we şypahanalarda ýa-da köpçüligiň barýan ýerlerinde gizlin galdyryp gider ekenler.

“BabyBox” programmasy bäş ýaşady
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:51 0:00

1-nji iýunda dünýäde Çagalary goramak boýunça halkara güni bellenýärkä, Çehiýa Respublikasy ýaňy bolan çagalar boýunça “BabyBox” ýagny “Bäbek gutusy” programmasynyň bäş ýyllygyny belleýär.

“Bäbek gutulary” ýaňy bolan çagasyndan el çekmek isleýän aýallar üçin çykalgadyr. Guramaçylaryň sözlerine görä, bäş ýylyň dowamynda jemi 31 bäbegiň jany halas edildi.

Çehiýanyň 30-dan gowrak şäherini özara baglanyşdyrýan esasy zat - “Bäbek gutulary”, ýagny ol şäherlerde eneleri tarapyndan taşlanan ýaş çagalar üçin ýerleşdirilen howpsuz gapyrjaklaryň barlygy.

Ilkinji “Bäbek gutusy” 2005-nji ýylyň 1-nji iýunynda, Çagalary goramak boýunça halkara güni Praganyň gündogar böleginde ýerleşýän hususy medisina merkezinde ýerleşdirilipdi. Şu günki gün Çehiýanyň dürli künjeklerinde taşlanan bäbekler üçin jemi 35 sany bäbek gutusy ýerleşdirilen.

Nobatdaky “Bäbek gutusy” açyldy

1-nji iýunda Çehiýa Respublikasynda şeýle nokatlaryň 36-njysy açyldy.

Köpçülik ýerlerinde galdyrylan ýaş çagalara köplenç ölüm howpy abanýar. Emma bäbekler üçin döredilen ýörite gutular, medisina işgärleri bu taýyk gelip ýetýänçä, bäbekleriň ýyly we howpsuz ýerdedigine güwä geçýär.

“Bäbek gutulary” programmasynyň esaslandyryjysy Ludwik Hess geçen bäş ýylyň dowamynda şeýle nokatlarda jemi 31 çaganyň galdyrylanlygyny aýtdy. Ol bolan wakalaryň birini mysal getirip, üç ýyl mundan ozal bäbek gutusy bolan keselhananyň öňünde tigir münüp gelen eli sumkaly ýaş adamyň peýda bolanlygyny, ol gidensoň bolsa bäbek gutusynda ýaş çaganyň tapylanlygyny gürrüň berdi.

“Bäbek gutulary” bolan merkezlerde işleýän doktorlar we şepagat uýalary çagalara tiz kömek bermäge ukyply. Şeýle merkezlerden çagalar bäbekhanalara, soň birnäçe hepdäniň içinde olary ogullyk alýan maşgalalara ýerleşdirilýär.

Gapma-garşylykly mesele

“Bäbek gutularynyň” döredilmegi başda Çehiýada örän gapma-garşylykly garaýyşlara getiripdi. Emma şu günki gün ýurduň köp graždanlarynyň bu proýekti ene-atalary tarapyndan taşlanýan çagalary halas etmek üçin çykalga hökmünde goldaýandygyny Ludwik Hess belleýär.

Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Awstriýada, Şweýsariýada we Germaniýada hem “Bäbek gutularyna” eýe bolan merkezler bar. Emma şol ýurtlarda bu giň ýaýran tejribä öwrülmedi.

Çehiýada “Bäbek gutularyna” eýe bolan merkezler barada maglumatlar çeh, polýak we ukrain dillerinde çap edilýär. Ludwik Hessiň sözlerine görä, çagalaryň milletini anyklamak kyn, emma olaryň käbiri Ukrainadan we beýleki döwletlerden bolan wagtlaýyn işçileriň çagalary bolmagy hem mümkin.

“Bäbek gutulary” taşlanan çagalary goramak boýunça Çehiýada alnyp barylýan programmalaryň biri. 1990-njy ýyldan bäri ýurtda “Garyp çagalar üçin fond” hem işlerýär. Başga maşgalara kömek bermek üçin döredilen bu fond şu gün horluk çekýän we ýetim galan çagalara ýardam bermek ugrunda hem iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG