Sepleriň elýeterliligi

Sowet hökümeti ýyllary içinde halk üçin edilen haýsydyr bir gowy işi ýatladygymyz biziň sowet hökümetini öwdügimiz däldir. Garaşsyz Türkmenistan döwletinde amala aşyrylýan işleri sowet hökümeti döwründe edilen iş bilen deňeşdirip görmek üçin biz aram-aram ol döwri islesek-islemesek ýatlamaly bolýarys.

Türkmenlerden bolan ýolbaşçylaryň öz türkmen halkynyň ykbalyna nähili seredýänini has aýdyňlaşdyrmak üçin biz sowet hökümetiniň halk üçin eden käbir işlerini ýatlaýarys. «Döwlet — adam üçindir!» diýen şygary baýdak edinýän Türkmenistanda adam ykbalyna nähili seredilýär?! Muny her döwür bilen deňeşdirip görseň, gowy bolýar.

Gynansak-da, biz pikirimizi ýene sowet hökümetiniň döwrüne dolamaly bolýarys. Adamlar nämedir bir zatdan nägile bolup ol döwürde-de hat ýazardylar. Hatlar häkimliklere-de ýazylardy, hökümet diwanyna-da, sudlara, prokuratura, polisiýa bölümlerine, gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna, radio-telewideniýä… garaz, ähli ýere ýazylardy. Sebäbi muňa durmuş diýilýär. Adamda-da her hili nägilelikler ýüze çykyp durýar.

Ol döwürlerde her bir edara özüne gelýän hata örän çynlakaý jogap bererdi. Hatlaryň yzyny yzarlap, epeý-epeý pyýadalar komandirowkalara giderdiler. Hökümet olara iýjek-içjegi üçin, münjek transporty üçin, düşlejek myhmanhanasy üçin pul tölärdi. Derňelýän hatlarda gozgalýan meseleler hökman çözülýärdi. Nägile bolup hat ýazýanlar kanagatlandyrylýardy. Soňra hat boýunça nähili çözgüt çykarylany barada hökman hökümete hasabat berilýärdi. Kimdir biriniň hatyna jogap bermedik işgär, ýazylan hat boýunça gozgalýan meseläni çözüp bilmedik işgär işden kowulýardy. Biziň bu sözlerimizi sowet döwrüniň adamlary çyn ýürekden makullasalar gerek.

Guýa gaçýan hatlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, ýurtdaky sosialistik gurluşdan özboluşly, hiç bir döwletiňkä meňzemeýän gurluşa geçilmeginiň netijesinde adamlaryň başyna düşýän betbagtçylyklar örän köpeldi. Ýykylýan öýler, garyplyk sebäpli jaý salyp bilmezligiň netijesinde öýe sygyşmaýan maşgalalaryň uruş-sögüşleri, halka hökümet tarapyndan jaý, mellek ýerleriniň berilmezligi, goşun gullugyndan ölüp, urlup, maýyp bolup gelýän perzentler, esgeri uranlygy, öldürenligi üçin perzendi türmä gidýän ata-eneler, neşe söwdasy sebäpli türmä düşýänler, olaryň hossarlary, öýlerini taladýanlar...

Garaz, betbagtçylyk kän, olaryň haýsy birini sanap çykjak! Adamlar öz betbagtçylyklary hakda arza ýazýarlar. Hökümete, hökümet ýolbaşçysyna, sudlara, prokuratura, polisiýa, howpsuzlyk gullugy edaralaryna, içeri işler edaralaryna, häkimliklere, häkimlere… garaz, ýurtda bir edara bar bolsa, ählisine adamlar ýürek nalalaryny siňdirip, kömek hantama bolup, hatlar ýazýarlar, arzalar iberýärler. Arza ýazýan adamlaryň nobatyndan her gün ministrlikleriň, häkimlikleriň, kanun goraýjy edaralaryň gapylarynda bazar döreýär. Şeýle bir kän arza ýazylýar.

Ýöne ýigrimi ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistanda näçe adamyň arzasy kanagatlandyryldyka?

Arza kanagatlandyrmak hakda gürrüňem gozgamaly däl. Hatlara jogap berlenok. Adamlar şeýle bir äsgerilenok, ony näme bilen deňeşdirjegiňi bileňok. Hat ýazýanlar arzalaryny ellerine alyp, surnugýança ylgaýarlar. Döwlet ýolbaşçysyna telegramma ugradylsa hatyň diňlenýändigini aýdyp, pul gazanyp, plan dolmak isleýän aragatnaşyk işgärleri-de dadyny ýetirmäge ýer tapman ýören betbagt adamlary oýnaýarlar. Olar hatda adamlara «Siziň telegrammaňyz döwlet ýolbaşçysyna ýetdi» diýen ýaly telegrammalary hem iberýärler. Emma nähili oýunlar edilse-de, ýazylýan hatlar guýa taşlanýan ýaly. Hiç kim hiç bir edaradan hatyna jogap almaýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde, häkimlikleriň jaýynda, Prezidentiň kabulhanasynyň zalynda, Ministrler Kabinetiniň kabulhanasynda ýörite halkdan gelýän haty atmak üçin äpet poçta ýaşşikleriniň goýlanlygyna garamazdan, halk bu edaralara ýazýan hatyna-da jogap alyp bilmeýär.

Diňe hat ýazmak bilen çäklenmän, adamlar kanun goraýjy edaralaryň, polisiýanyň, howpsuzlyk gullugynyň edaralaryna baryp hem gürleşýärler. Ol ýerdäki nobatlaryň yzy üzülenok. Kimdir biri hatlary çöpläp alyp galýar. Şunuň bilenem hatly gürrüň gutarýar. Hat eýesine hiç hili jogap berilmeýär. Käteler gazetlerde prokuraturanyň, ýustisiýanyň, sudlaryň, polisiýanyň ýolbaşçylarynyň halky kabul etjekdigi hakda bildirişler çap edilýär. Bildiriş berilýänligine seretmezden, köplenç halatda halky gazetde ady berlen adam kabul etmän, agzalan edaralara degişli kiçijik wezipedäki işgär kabul edýär. Eger kiçi işgär kabul etmän, hut agzalan edaralaryň uly ýolbaşçylary kabul edäýende-de halkyň hatyna derekli jogabam berilmeýär, halkyň meselesem çözülmeýär.

Mesele çözüp bilýän kadrlar ýok

Eger kadrlar birlän-ikilän tapylaýan ýagdaýynda-da ýüze çykýan meseleler çözerden geçdi. Sebäbi ýurtda kanun doly ýagdaýda işlänok.

Adamlar jaýlarynyň ýykylma meselesi, eger ýykylaýan ýagdaýynda jaý alyp bilmeýändikleri hakda ýazýarlar. Nähak basylýan ogullar, gyzlar hakda ýazýarlar. Iş tapyp bilmeýändikleri, ogurlanýan öýler, jenaýatkärlere jeza berilmeýşi hakda ýazýarlar. Garaz, ýazylýan mesele kän.

Halys paltasy daşa degip, Türkmenistanyň içinden öz meselesini çözdürip bilmeýänler Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna ýüz tutýarlar. Bu edaralarda halkyň arza-şikaýatlary bilen iş salyşýan işgärler hem (olaryň örän köpüsi köplenç ýagdaýda Türkmenistan hökümeti bilen ylalaşyjylykly ýagdaýda işleşensoň), türkmen halkyndan barýan hatlary sessiz-üýnsüz Türkmen hökümetine gowşurmak bilen, meseläni çözüldi hasap edýär.

Birleşen Milletler Guramasyna hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýüz tututlmasy türkmen hökümetiniň gaharyny getirýär, bu guramalara hat ýazanyň bolsa bagtyny ýatyrýar. Şundan soň hatlar bilen işleşmeli edaralar guduz açýarlar. Olar öýüni ýykmazlygy haýyş edip ýazanyň öýüni ýörite ýykýarlar, oglunyň basylmazlygyny haýyş edip ýazanyň ogluny ýörite basýarlar, ogluny azatlyga çykarmagy haýyş edip ýazanyň oglunyň türmede oturmaly ýylynyň üstüne ýyl goşup, ony hatda hossarlary bilen duşuşmaz ýaly güne salýarlar, işden kowlanlygy hakda arz edeniň beýleki maşgala agzalaryny-da işden kowýarlar…

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG