Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ABŞ-dan Ysraýyly ýazgarmagyny talap edýär



Türkiýe Palestinanyň Gaza etrabyna gumanitar kömek barýan gämä edilen hüjüm boýunça ABŞ-dan Ysraýyly ýazgarmagyny talap edýär.

Ysraýylyň esgerleri tarapyndan amala aşyrylan şol hüjümde 9 adam heläk bolupdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşmazdan öň habarçylara beren interwýusynda hüjüm edilen gämi bilen bagly Waşingtonuň özüni alyp baryşyndan Ankaranyň göwnüniň galanlygyny aýtdy.

Mundan ozal Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ysraýylyň esgerleri tarapyndan amala aşyrylan şol reýde “ganly gyrgynçylyk” diýip baha berdi.

Erdogan howpsuzlyk boýunça käbinet agzalarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Gaza ýardam alyp barýan gämä edilen hüjüm üçin “Ysraýylyň ähli näletlemelere mynasypdygyny” belledi.

Şol bir wagtyň özünde BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi adatdan daşary ýygnak geçirip, Gaza ýardam alyp barýan şol gämä edilen hüjüm bilen bagly halkara derňewleriň geçirilmegi üçin tagalla etjekdigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG