Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministrine “ganhor” diýdiler


Manuçehr Mottaki
Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Ýewropa parlamentine barmazdan ozal parlamentiň agzalaryndan biri oňa “ganhor” diýip gygyrdy.

Britaniýaly konserwator deputat Struan Stiwenson şol protestiň dowamynda Neda Soltanyň suratyny hem göterip durdy. Neda Soltan Ahmedinejat gaýtadan prezidentlige saýlanandan soň Eýranda bolup geçen demonstrasiýalarda heläk bolupdy.

Italiýaly, ispaniýaly we estoniýaly deputatlaryň hem Stiwensona goldaw berenligi aýdylýar.

Mottaki şol ýere Ýewropa parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde geçirilýän diňlenşige gatnaşmak üçin barypdy.
XS
SM
MD
LG