Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanly jenaýatça Ispaniýada iş kesildi


Ispaniýanyň sudy pul ýuwýan gürjüstanly jenaýatçy toparyň lideri Zahar Kalaşowy 7,5 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Sud tarapyndan düýnki çykarylan hökümde agzalýan jenaýatça 24 million dollar töweregi jerime hem salnanlygy aýdylýar.

Zahar Kalaşow 2006-njy ýylda Dubaýdan deportasiýa edilipdi.

Ispaniýanyň sudy Kalaşowy bikanyn hereketler arkaly gazanylan puly ýuwanlykda aýyplady.

Şol kararda Kalaşowyň berlen möhletiň dörtden üç bölegini Ispaniýada geçirenden soň deportasiýa ediljekdigi we onuň Ispaniýa gelmeginiň 10 ýyl gadagan ediljekdigi bellenilýär.

Kalaşowyň aklawçysy sudyň çykaran bu kararyna garşy Ýokary suda ýüz tutjakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG