Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýär


Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýukio Hatoýama şu gün geçiren metbugat ýygnagynda wezipesinden çekiljekdigini aýtdy.

Hatoýama Ýaponiýanyň Okinawa adasyndan ABŞ-nyň harby bazasynyň çykaryljakdygy barada beren wadasynda tapylmanlygy üçin şeýle karara gelenligini öňe sürdi.

Mundan 8 aý ozal premýer-ministrlik wezipesine saýlanan Hatoýama iýul aýynda geçiriljek saýlawlardan öň wezipesinden çekilmegi barada partiýasynyň agzalary tarapyndan basyş edilýärdi.
XS
SM
MD
LG