Sepleriň elýeterliligi

Amnesty International: “Aşgabada baryp bolanok”


Amnesty International, ýagny Halkara günä geçiş guramasy geçen hepde adam hukuklary boýunça ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Şonda Türkmenistan bilen bir hatarda tutuş dünýädäki ýagdaýlar hakda maglumat berilýär. Bu aktual mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir agzalýan guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Andrea Huber bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýyl ýaýradan hasabatyňyz bilen deňeşdirilende, bu ýylky hasabatyňyzyň arasynda nähili tapwut bar? Ilki bilen şu barada maglumat beräýseňiz?

Andrea Huber: 2009-njy ýyl boýunça Amnesty International guramasynyň hasabatynda ýüze çykan esasy zat – dünýäde dowam edýän adalatsyzlykdyr. Adalatsyzlyk diýenimde, hukuklary kemsidilen adamlaryň haklarynyň goralmaýanlygyny göz öňünde tutýaryn.

Halkara günä geçiş guramasynda meniň ýolbabaşçylyk edýän regionym, ýagny Orsýet we Merkezi Aziýa barada gürrüň edenimde, ilki bilen göze ilýän zat dissidentlere edilýän basyşlardyr. Orsýetde žurnalistleriň öldürilýänligine, şeýle wakalara gaty biparh garalýanlygyna, bu wakalar bilen baglanyşykly ýeterlik derňew geçirilmeýänligine hemem şeýle meseleler boýunça hiç kimiň jogapkärçilige çekilmeýänligine şaýat bolduk.

Beýleki ýurtlarda hem galp aýyplamalarda günälenip, hukuk goraýjy aktiwistleriň we žurnalistleriň dürli ýanamalara, haýbat atylmalara hatda tussaglyga duçar edilýänligini gördük. Meselem, Azerbaýjanda žurnalist Aýnylla Fetullaýew üç günäde aýyplandy. Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy oňa ýöňekelýän aýyplamalaryň esassyzdygy hakda höküm çykardy.

Netijede häzirki döwürde hökümetler, adam hukuklaryny goraýjylary we žurnalistleri goramag-a beýle-de dursyn, gaýta bar aladalary – olary basyp ýatyrmak.

Azatlyk Radiosy: Orsýetde bolup geçýän wakalar hakda hasabatyňyzda başga nähili maglumatlar berilýär?

Andrea Huber: Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew adam hukuklary barada käbir oňyn zatlar aýdypdy. Emma, gynansak-da, bu beýanatlar durmuşa geçirilmedi. Orsýet barada aýdylanda, bizi iň köp alada goýýan zat, Demirgazyk Kawkazdaky dartgynly ýagdaýlardyr. Şol regionda kanunçylygyň bolmazlygy bizi aladalandyrýar. Sebäbi regionda aktiwistleriň we žurnalistleriň dereksiz ýitirim bolmagy, türme tussaglygyna sezawar edilmegi ýaly wakalar adaty ýagdaýa öwrüldi.

Gynansak-da, regionda kanunyň hökümliligi diýlen zadyň galmanlygyny aýtmak mümkin. Aýratynam Demirgazyk Kawkazda adam hukuklary boýunça derňewler geçirýän aktiwistler we žurnalistler nyşana alynýarlar.

Hökümetiň eden-etdiligi barada derňewler geçirýän žurnalistlere haýbat atylýar, hatda olar öldürilýärler, bu ynanyp bolar ýaly ýagdaý däl. Orsýet barada aýdylanda, sud diňlenişiginiň adalatly geçirilmezligi we bendileriň gynamalara sezewar edilmegi ýaly wakalaram bolup dur.

Azatlyk Radiosy: Siz hukugy kemsidilen adamlar üçin adalatyň elýeterli däldigini aýtdyňyz, bu mesele boýunça gürrüň edilende, Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar nähili?

Andrea Huber: Hukuk bozmalar boýunça gürrüň edilende, bu jenaýaty amala aşyranlar barada ýeterlik derňewleriň geçirilmezligi, erkin sud diňlenişiginiň bolmazlygy ýaly wakalar bu regionda hem dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Bu barada takyk mysal getirip biljekmi?

Andrea Huber: Gyrgyzystan barada aýtsak, men bu ýurt boýunça ekspert däl, şonuň üçin, eger anyk mysal getirjek bolsam, ýakynda bu ýurtda bolan dartgynlylyk hakda gürrüň edip bileris. “Şol dartgynlykda howpsuzlyk güýçleri gereginden artykmaç güýç ulandymy?” diýlen meselede BMG ýörite derňew geçirmäge ýardam etmegi teklip etdi. Biz wagtlaýyn hökümetiň bu teklibi kabul etmegini talap edýäris.

Seýdilse, şol gozgalaňda bolan wakanyň üsti açylar we şunlukda aşa güýç ulanan toparyň jogapkärçilige çekilmegi barada çäre görler. Gyrgyzystan barada aýdylanda, bu möhüm wakadyr.

Azatlyk Radiosy: Gazagystan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki döwürde ýolbaşçy wezipesini berjaý edýän ýurt, bu ýurt hakda näme aýdyp biljek?


Andrea Huber: Gazagystan barada geçirilen derňewlerde biz adam gynamalar ýaly wakalara kän üns berdik. Bu ýurtda adamlaryň gabalmagynyň yz ýany bilen gynamalara duçar bolýanlygyna şaýat bolduk.

Käbir halatlarda saklanan adamlar hakda hiç kime maglumat berilmeýär we olara aklawçy tutmaga-da rugsat edilmeýär. Gazagystanda-da, käbir beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, käte etmedik günälerini boýnuna goýmak üçin adamlary gynamalara sezewar edýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda ýaýradan hasabatyňyzda Ýewropa we Merkezi Aziýada milletparazlygyň hem aşa güýçlenenligini aýdýarsyňyz. Bu barada dolurak maglumat berip biljekmi?

Andrea Huber: Bu pikir tutuş Ýewropa we Merkezi Aziýa göz öňünde tutulup, öňe sürüldi. Biz azçylykdaky milletlere garşy dürli hüjümleriň amala aşyrylanlygyna şaýat bolduk.

Eger anyk mysal getirsem, Wengriýa hakda gürrüň etse bolar. Şeýle-de, bilişiňiz ýaly, azçylykdaky syganlaryň hak-hukugynyň kemsidilmegi-de, ÝB-de adam hukuklary boýunça iň uly problemalardan biri bolup durýar.

Orsýetde milletparazlyk bilen ilteşigi bardygy aýdylýan wakalarda we hüjümlerde geçen ýyl 71 adam heläk bolup, 360 adam-da ýaralandy.

Orsýet hökümeti muňa amala aşyrylan adaty jenaýat işi hökmünde garaman, bu barada aýratyn derňewler geçirip, bu meselä hökman çözgüt tapmaly.

Azatlyk Radiosy: Milletparazlyk bilen bagly Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar barada näme aýdyp biljek?

Andrea Huber:
Meniň gürrüňini eden temalarym barada halkara derejede tagallalaryň we belli ýurtlara garşy basyşlaryň artdyrylmagy zerur. Emma, gynansak-da, ÝB we ABŞ howpsuzlyk we beýleki bähbitlerini göz öňünde tutup, adam hukuklary bilen bagly wakalara ýeterlik üns bermeýärler.

Biz energiýa bähbitler göz öňünde tutulyp, adam hukuklarynyň ünsden düşürilmegine gaty gysga möhletlik strategiýa hökmünde baha berýäris. Sebäbi adam hukuklary bilen bagly ýüze çykýan wakalaryň uzagyndan diňe bir regiona däl, tutuş dünýä howp salmagy ahmal. Gyrgyzystan muňa mysal bolup biler.

Azatlyk Radiosy: Hasabatyňyzyň käbir böleklerinde, hususanam Türkmenistan baradaky maglumatlarda, hiç hili täzelik görmedim, onuň sebäbi näme?

Andrea Huber: Türkmenistan barada aýdylanda, esasy kynçylyklardan biri hiç bir guramanyň, hatda BMG-niň hem bu ýurtdan gerekli maglumatlary doly alyp bilmeýänligidir.

Netijede Türkmenistan barada maglumat tapmak boýunça biz uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boýarys. Munuň bilen bir hatarda Türkmenistanda hereket edýän hukuk goraýjy aktiwistler hökümet tarapyndan berk gozegçilik astynda saklanylýar. Olaryň ýurtda bolup geçýän wakalar barada maglumat ibermäge synanyşmagy gaty howply. Daşary ýurtlarda hereket edýän aktiwistleriň Türkmenistandaky maşgala agzalaryna-da azar berilýär.

Şeýle ýagdaýlarda biziň Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegi ýaly wakalar boýunça takyk maglumat bermegimiz gaty kyn, sebäbi ýurt aşa ýapyk bolup galýar.

Mundan beýläk Türkmenistan barada alyp barjak işlerimiz bu ýurda garşy basyşlaryň artdyrylmagy barada bolar. BMG-niň hasabatçylary Türkmenistana barmaga synanyşdylar, olara çakylyk berilmedi, biz bu ýagdaýyň üýtgedilmegini talap edýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen bir hatarda Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir beýleki ýurtlardan-da maglumat almak aşa kyn, şeýle ýagdaýda siz bu maglumatlary nähili jemlediňiz?


Andrea Huber: Türkmenistana gitmäge ýagdaýymyz ýokdy. Emma beýleki ýurtlar barada aýdylanda, biz dünýäniň dürli rgionlaryna öz missiýalarymyzy iberdik, olar şol ýerlerde derňewler geçirdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de tehnologiýanyň ösen häzirki döwründe ýeriňden gozganman hem kän maglumat toplap bolýar. Regionda-da biziň habar çeşmelerimiz bar. Emma olara abanýan howp zerarly biz bu ugurda aşa seresaply hereket edýäris.

Netijede biz ýerli çeşmelerimiz bilen bir hatarda şol regiona sapar edýän adamlardan hem käbir maglumatlary almaga çalyşýarys.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG