Sepleriň elýeterliligi

Kabulda açylan maslahatyň geçýän ýerinde hüjüm boldy


Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabulda açylan «Loýa Jyrga» maslahatynyň geçýän ýerine ýaragly hüjümçiler hüjüm etdiler. Bu hüjümleriň barşynda janyndan geçen bir hüjümçiniň hem bomba partlamasyny amala aşyrandygy habar berilýär.

Owganystandaky NATO güýçleriniň metbugat sekretary bu wakalarda ýaragly hüjümçilerden birnäçesiniň atylyp öldürilendigini mälim etdi. Ýerli polisiýa edarasynyň resmileri hem hüjümçilerden biriniň diri ele salnandygyny habar berýärler.

«Loýa Jyrga» diýlip atlandyrylýan umumy maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talyp söweşijilerini bigünä adamlary öldürmegi bes etmeklige we dogry ýola düşmeklige çagyrdy. Şeýle hem, ol talyplara ýüzlenip: «Özüňizi daşary ýurtlularyň täsirinden azat ediň. Şu gün size ýarag beren daşary ýurtlular ertir hem sizi türmä dykarlar. Bu nähili jihad bolýar!» diýdi.

1600 töweregi delegatyň gatnaşmagynda geçirilýän we üç gün dowam etjek bu «Loýa jirge» maslahatynda prezident Karzaýyň parahatçylyk we gaýtadan barlyşmak baradaky programmasy ara alnyp maslahatlaşylar.
XS
SM
MD
LG