Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl tussag edilen aktiwistlerden aglabasyny goýberdi


Şu gün Ysraýylyň häkimiýetleri hepdäniň duşenbe güni tussag astyna alnan 700 töweregi halkara aktiwistinden aglabasyny öz ýurtlaryna ugratdy.

Bu daşary ýurtly aktiwistler hepdäniň duşenbe güni Orta ýer deňzi arkaly Palestinanyň Gaza sektoryna ýük alyp barýan parahatçylyk gämisine Ysraýylyň harbylarynyň eden hüjümi wagtynda tussag edilipdiler.

Harbylaryň bu hüjüminde gämidäki aktiwistlerden 9-sy atylyp öldürildi. Hüjüm edilen gämidäki adamlaryň aglabasy Türkiýäniň raýatlary.

Bu wakanyň yzy bilen Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Ysraýylyň harbylarynyň eden bu hüjümini ýazgaryp çykyş etdi. Şu gün Türkiýäniň goranmak ministri Ahmed Dawutoglu hem adam ýitgilerine getiren bu wakalaryň düýpli derňelmegine çagyryş etdi.

Tussag edilenlerden ýene 100-e golaýynyň Ysraýylyň günortasyndaky türmede saklanýandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG