Sepleriň elýeterliligi

Çehiýada parlament koalisiýasy dörediler


Şu geçen dynç alyş günleri Çehiýa Respublikasynda geçirilen parlament saýlawlarynda parlamentdäki orunlaryň aglabasyna eýe bolan esasy partiýalardan üçüsi şu gün özara bileleşip, parlament koalisiýasyny döretmekçidiklerini yglan etdiler.

Bu barada eden beýanatynda Graždan Demokratik partiýasynyň lideri Petr Neças öz partiýasy bilen birlikde Çehiýanyň «TOP-09» we «Jemgyýetçilik işleri» atly partiýalarynyň döretjek bu koalisiýasynyň ýurtda maliýe hem-de kanunçylyk taýdan jogapkärçilikli syýasat alyp barjakdygyny aýtdy.

Bu partiýalar bilelikde Çehiýanyň 200 orunlyk parlamentinde 118 orna eýelik edýärler.
XS
SM
MD
LG