Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstandaky ýerli saýlawlarda prezidentiň partiýasy ýeňiş gazandy


Düýn Gürjüstanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 30-njy maýda geçirilen ýerli saýlawlaryň netijesini yglan etdi. Prezident Saakaşwiliniň partiýasynyň ýeňiş gazananlygy aýdylýar.

Şol saýlawlarda üç sýyasy bileleşik bilen bir hatarda jemi 14 sýyasy partiýa 64 şäher geňeşilikleri boýunça bäsleşdiler.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň “Bütewi milli hereketi” berlen sesleriň 65.57 prosentini aldy.

Bu partiýanyň kandidaty Gigi Ugulawa paýtagt Tblisiniň şäher häkimi wezipesine saýlandy.
XS
SM
MD
LG