Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt ýokary okuw diplomlary barada


Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan Türkmenistanyň raýatlary ýokary bilim baradaky diplomlaryny Türkmenistanda tassyklatmak üçin Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň Häkimliginiň ýanynda ýerleşýän Bilim baradaky instituta aşakdaky sanawda görkezilen dokumentleri tabşyrmaly:

1. Raýaty daşary ýurda okamaga iberen edaranyň ýa-da ministrligiň ýokary bilim hakyndaky diplomy ykrar etmek barada towakganamsy;

2. Raýatyň ýokary bilim baradaky diplomyny ykrar etmek barada bilim ministriniň adyna ýazan arzasy;

3. Ýokary bilim baradaky diplomyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan 2 sany göçürme nusgasy;

4. Raýatyň daşary ýurt ýokary okuw jaýynda okan döwrüni, onuň okan döwründäki okuwynyň görnüşini, hünäri boýunça okuwyň gündizki görnüşiniň normatiw möhletini, diplomyň seriýasyny we belgisini görkezýän ýokary okuw jaýynyň güwänamasy;

5. Diplomyň goşundysy (baha goýlan) we goşundynyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan 2 sany göçürme nusgasy;

6. Şahsyýetiň maşgalasynyň üç arkasy barada maglumat;

7. 3x4 surat ýelmenen şahsy maglumatnama;

8. Pasport nusgasy;

9. Eger raýat işleýän bolsa, iş ýerinden kepilnama we zähmet depderçesiniň nusgasy;

10. Diplom beren ýokary okuw jaýynyň döwlete degişlidigine güwä geçýän resminama we resminamanyň Türkmen diline terjime edilen hem-de notariýus tarapyndan tassyklanan göçürme nusgasy.

Ýokardaky dokumentler barlagdan geçensoň, diplomyny ykrar etmek isleýän raýat ekzamene goýberilýär. Ekzamenler Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň gutardyş ekzamenleri üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ekzamenler iki predmet boýunça tabşyrylýar. Olaryň biri raýatyň öz hünärine degişli predmetden, beýlekisi Ruhnamadan. Ekzamenden ýykylan raýat bir ýyldan soň täzeden tabşyryp bilýär, emma ekzamen diňe iki gezek tabşyrylyp bilinýär.

Bellik: Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň ykrar edilmegi barada 2009-njy ýylda döwletara ylalaşyga gol çekildi.

Bulara barada doly maglumaty diňlemek isleseňiz sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG