Sepleriň elýeterliligi

BMG Gazanyň gabawyny soňlamaga çagyrýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu “Gabaw Eýran we beýlekiler tarapyndan Gaza raketa we ýarag gelmeginiň öňüni almak üçin zerur” diýdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu “Gabaw Eýran we beýlekiler tarapyndan Gaza raketa we ýarag gelmeginiň öňüni almak üçin zerur” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun Gaza barýan kömek konwoýyna Ysraýylyň hüjüm etmegi netijesinde bolan adam heläkçiligi barada doly barlag geçirilmegi üçin Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary, şeýle hem Türkiýe we Ysraýylyň diplomatlary bilen gyssagly maslahat geçirdi.


Ban žurnalistlere özüniň Gaza gabawynyň aradan salym geçmän ýatyrylmagyny isleýänligini, bolan waka, şol sanda ölenleriň we ýaralananlaryň sanawy barada hem doly hasabat bermegi üçin Ysraýyla gysyş görkezýändigini aýtdy.

31-nji maýda Ysraýyl esgerleriniň konwoýa hüjüm etmegi netijesinde dokuz aktiwist öldi. Ýaralananlaryň sany barada doly maglumat ýok.

BMG - Ysraýyl

“Bu tragediýa esasy problemanyň nähili çynlakaýdygyny görkezýär. Gaza zolagynyň uzak wagt bäri dowam edip gelýän gabawy islenen netijäniň tersine boldy. Ol çekip-çydardan agyr hem-de ýalňyş. Mundan bigünä adamlar ejir çekýär. Ysraýyl häkimiýetleri ony aradan salym geçirmän ýatyrmaly” diýip, Ban Ki Mun aýtdy.

Öňki barlaglar barada hyzmatdaşlyk etmegi üçin Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan berlen buýrugy Ysraýyl ret etdi. Onuň ylalaşyga gelmek ähtimaly bu gezek hem ol diýen ýokary däl. Hökümet sözçüsi Mark Regew: “Barlagy Ysraýylyň özi geçirip bilýär” diýdi.

Ban eden belliginde konwoý wakasyny Orta Gündogaryň ýaraşyk prosesi bilen baglanyşdyrdy: “Şu wagt meniň nygtajak bolýanym Gazada ýaşaýan palestinalylara kömek ýetirmegiň, Gazada ýagdaýy düýpgöter üýtgetmegiň möhümdigi. Giňişleýin alanyňda, Orta Gündogarda basym ýaraşyk prosesi ýola düşer ýaly indiki gepleşikleri ilerletmek zerur”.

Ýüzlerçe aktiwist Türkiýä dolandy

Bu aralykda ýüzlerçe aktiwist şu gün Türkiýä dolanyp geldiler. Bularyň aglabasy türkler, ýöne aralarynda Britaniýanyň, Norwegiýanyň, Gollandiýanyň we Ispaniýanyň hem raýatlary bar.

Aktiwistler Türkiýä gelip düşenlerinde, gahrymanlar hökmünde garşy alyndylar. Ölen dokuz adamyň hem jesedi getirildi.

Aktiwistleri premýer-ministriň orunbasary Bülent Arynçyň ýolbaşçylygynda uly hökümet delegasiýasy gyzgyn garşylady.


Gabaw dowam eder


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bolsa Iýerusalimde Gaza sektorynyň gabawyny öňküsi ýaly ýene gorap: “Gabaw Eýran we beýlekiler tarapyndan Gaza raketa we ýarag gelmeginiň öňüni almak üçin zerur” diýdi.

“Eýranyň Ortaýer deňzinde bir portunyň bolmagyna halkara arkalaşygy ýol berip bilmez. Men Eýranda bolýan ösüş barada 15 ýyl mundan ozal duýduryş berdim. Meniň şol aýdanym boldy. Adamlar bu howpa indi düşünýärler. Bun gün hem Eýrana Ysraýylyň edil gapdalynda, Ýewropanyň edil gapdalynda bir port gurmaga mümkinçilik bermek meýli barada duýduryş berýärin. Bu gün bizi tankytlaýan ýurtlar ertir özleriniň nyşana alynjakdygyny bilsinler” diýip, Netanýahu aýtdy.

Netanýahu: “Ysraýylyň konwoýy togtatmakdan başga ýoly ýokdy” diýip, aktiwistleriň käbirini “terrorizmiň gazaply goldawçylary” diýip atlandyrdy. Ol şeýle hem: “Gazanyň gabawy dowam eder” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG