Sepleriň elýeterliligi

Brýusseliň şäher sudunda ýaragly hüjüm boldy


Şu gün Belgiýanyň paýtagty Brýusselde şäher sudunda bolan ýaragly hüjümde iki adam heläk boldy.

Gowuşýan maglumatlara görä, sud prosesi gidip durka näbelli adam ot açypdyr.

“Ölenleriň biri sudýa, ikinjisi suduň gullukçysy” - diýip, Belgiýanyň adalat ministri Stefan de Klerk aýtdy.

Ok atan gizlendi, polisiýa ony gözleýär.
XS
SM
MD
LG