Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Marsa uçuşyň ýerdäki synagy başlandy


Şu gün Moskwada Marsa uçuşyň ýerdäki synagy başlandy.

Dünýäniň dürli döwletlerinden alty meýletin kosmik gäminiň nusgasynda 520 gije-gündizi geçirer.

“Marsonawtlaryň” halkara komandasyna orsýetli Aleýkseý Sitew baştutanlyk edýär.

Eksperimente gatnaşyjylaryň arasynda italýan, hytaýly, fransuz we ýene iki orsýetli bar.

Kosmik gämi Moskwada medisina-biologiýa problemalary institutynda ýerleşdirildi. Marsyň üstüne meňzeş giňişlik aýratyn guruldy.

Mars 500 ekspertimentine gatnaşyjylardan üç adam şol ýere “baryp düşmeli”.

Daşarky dünýä bilen gatnaşyk diňe elektron poçta arkaly amala aşyrylar.

Programma gatnaşyjylar 3 million rubl töweregi pul alar.
XS
SM
MD
LG