Sepleriň elýeterliligi

Ukrain parlamenti täze kanun proýektini kabul etdi


Ukrainanyň içeri we daşary syýasatynyň esaslary hakynda prezidentiň kanun proýektini ukrain parlamenti birinji okaýyşda kabul etdi.

Dokumente maslahata gatnaşan 430 deputatdan 253–si tarapdar bolup ses berdi.

Dokumente laýyklykda döwlet bloklara girmezlik ýörelgesine esaslanar, ol geljekde Ukrainanyň NATO girmek planyndan ýüz öwürjekdigini aňladar.

Oppozisiýa kanun proýektini ýiti tankytlady hem deputatlary ses bermezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG