Sepleriň elýeterliligi

Kabulda Loýa Jirgäniň maslahaty dowam edýär


Kabulda iki gün bäri Loýa Jirgäniň maslahaty dowam edýär.

Ýurduň ähli welaýatlaryndan bir ýarym müň gowrak delegat Talyban hereketi bilen ýaraşyk gepleşikleriniň mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar.

Şol bir wagtda-da owgan paýtagtyndaky maslahata ýekeje talybam gatnaşmaýar.

Loýa Jirgäniň birinji güni aýal köýnegine giren üç söweşiji howpsuzlyk koridoryndan girip, maslahatyň geçýän ýerine ýakyn jaýy oka tutdular. Hiç kimiň jebir çekmändigi habar berilýär.

Forum öz işini ertir tamamlar.
XS
SM
MD
LG