Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak ministriniň Pekine sapary ýatyryldy


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýtsiň Pekine saparynyň näme üçin ýatyrylandygyny Hytaýyň häkimiýetleri düşündirmedi.

Düýn Geýts sapar bilen Aziýanyň we Ýewropanyň ençeme ýurduna ugrady. Hytaý saparyň wagtyny “amatsyz” diýip atlandyrdy.

“Pekin harby ugurdan gatnaşyklary möhüm hasap edýär, ýöne häzir hiç hili ýörite taýýarlyk görülmedi” diýip, şu gün Hytaýyň DIM-niň wekili aýtdy.

Şol bir wagtda-da Hytaýyň Goranmak ministrligi Geýtsiň Pekine saparynyň ýatyrylmagyny kommentirlemekden saklandy.

Hepdäniň ahyrynda Geýts Singapurda howpsuzlyk boýunça harby edaralaryň ýolbaşçylary bilen konferensiýa geçirer.
XS
SM
MD
LG