Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: “Ysraýyl möhüm dostlarynyň birini ýitirmegi mümkin”


"Eger Ysraýyl pozisiýasyny üýtgetmese, özüniň möhüm dostlarynyň birini ýitirmegi mümkin"-diýip, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan şu gün duýduryş etdi.

Erdogan Ankarada eksporterler assambleýasyna gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, “Hepdäniň duşenbe güni Ysraýylyň geçiren reýdinde heläk bolan dokuz aktiwistiň ölümine Türkiýe göz ýummaz” diýdi.

Ölenleriň sekizisi Türkiýäniň graždany, ýene biri türk asylly amerikan raýaty.

Şu gün "parahatçylyk flotiliýasyna" gatnaşan 600 töweregi adam Türkiýä gaýdyp geldi, olar Ysraýyl tarapyndan saklanypdy hem yzyna ugradylypdy.

Düýn Ýakyn Gündogardaky halkara araçylarynyň ýörite wekili Toni Bleýer Iýerusalimde çykyş edip, ýagdaýa şeýle baha berdi: “Gazadan çykýan islendik terroristik hereketi ýatyrmaly, HAMAS hereketi bilen hiç hili umumylygy bolmadyk Gazanyň ilatyna zyýan ýetirýän zatlaryň ählisini aradan aýrymaly”.
XS
SM
MD
LG