Sepleriň elýeterliligi

BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş programmasy 80 adamy okatdy


BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş programmasy (UNDP) ýurduň bäş welaýatyndan we Aşgabat şäherinden etrap saýlaw komissiýalarynyň 80 agzasyny “Bridge” programmasy boýunça okatdy.

Programmanyň metbugat beýanatynda bellenmegine görä, ýerli saýlaw komissiýalarynyň agzalary halkara saýlaw standartlary, prinsipleri, funksiýalary, saýlaw komissiýasynyň gurluşy, saýlaw komissiýasynyň agzalarynyň özüni alyp baryş kodeksi, strategik hem maliýe taýdan planlaşdyryş, ýerli hem halkara synçylaryň işi we saýlawlar wagty, köpçülikleýin habar serişdeleri bilen aragatnaşyk ýaly meseleler bilen tanyşdyryldy.
XS
SM
MD
LG