Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew “milletiň lideri” bolmagy kabul etmedi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öň parlament tarapyndan kabul edilen hem özüne “milletiň lideri” diýen durumy berýän kanuny kabul etmedi.

Nazarbaýew telewideniýe arkaly eden ýüzlenmesinde parlamentiň teklibine halk tarapyndan özüne bildirilen ynam hökmünde baha berdi, ýöne şeýle statusyň kanunçylyk esasynda pugtalandyrylmaly däldigini aýtdy.

Şol dokumentlerde, hususan-da, milletiň lideriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli däldigi, Gazagystanyň ilkinji prezidentiniň hem onuň maşgala agzalarynyň emläginiň eldegirilmezligi kepillendirilýärdi.
XS
SM
MD
LG