Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Freedom House: Türkmenistan iň repressiw režimleriň hatarynda


Dünýäde adam hukuklaryna we graždan azatlyklaryna gözegçilik edýän Freedom House - Azatlyk öýi halkara guramasy iň repressiw režimleriň birinji onlugyny yglan etdi.

Adam hukuklarynyň gödek bozulýan, graždan azatlyklarynyň depgilenýän ýurtlaryň sanawyna Demirgazyk Koreýa Mýanma, Liwiýa, Somali, öňki SSSR–den iki ýurt - Türkmenistan bilen Özbegistan giripdir.

Freedom House şeýle-de “iň erbediň erbedi” diýen sanawa girmedik 8 ýurtdur territoriýany belledi, şol ýurtlary adam hukuklaryny gödek bozýandygy üçin “alada döredýän ýurtlar” diýip atlandyrdy.

Şolaryň arasynda Belarus, Hytaý, Kuba, Saud Arabystany, Günorta Osetiýa bar.
XS
SM
MD
LG