Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Jenaýatçylykly ýollar bilen gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparyna agza boldy.

2004-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda döredilen we Ýewraziýa döwletlerini birleşdirýän bu gurama ykdysady jenaýatçylyklara garşy göreş we halkara terrorçylygynyň howpuny azaltmak boýunça bilelikde tagalla edilmegini göz öňünde tutýar.

Jenaýatçylykly ýollardan gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa topary 2004-nji ýylda Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Hytaý tarapyndan döredilipdi. 2005-nji ýylda bu gurama Özbegistan hem agza boldy.

Ýedi ýurdy agza hökmünde, 16 ýurdy we 15 halkara guramasyny synçy hökmünde öz içine alýan Ýewraziýa toparynyň 31-nji maý we 3-nji iýun aralygynda Alma-Atyda geçirilen 12-nji plenar mejlisinde guramanyň agzalarynyň we synçylarynyň sany köpeldi.

Türkmenistan hem bu halkara gurama deň hukukly agza hökmünde goşuldy. Serbiýa we Çernogoriýa guramada synçy statusyna eýe boldular. Bu barada Ýewraziýa toparynyň resmi maglumatynda aýdyldy.

Nämäni aňladýar?

Jenaýatçylykly ýollardan gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça Ýewraziýa toparyna şu çaka çenli synçy hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň gurama agza bolmaga taýýarlanýanlygy aprel aýynda habar berlipdi.

2010-njy ýylyň 5-6-njy aprelinde “FATF”, ýagny jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara guramasynyň we Ýewraziýa toparynyň bilelikdäki delegasiýasynyň Aşgabada sapary boldy.

Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, korrupsiýa we guramaçylykly halkara toparlaryna garşy göreşde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge islegini tassyklapdy.

Türkmenistanyň dünýä derejesinde ähmiýetli problemalaryň çözgüdi ugrundaky halkara tagallalara goşulmagy howpsuzlyk meselesine has uly ähmiýet berip başlanlygyny aňladýar diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa belleýär.

Şermatowanyň pikirine görä, halkara strukturalaryndan we borçnamalaryndan ozal çetde durmaga synanyşan Türkmenistanyň Ýewraziýa toparyna goşulmagy türkmen häkimiýetleriniň bu meselä alada bildirýänligini görkezýär.

Sanobar Şermatowa Türkmenistan bu işden çetde galsa, jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşde onuň halkara strukturalarynyň bilelikdäki göreşine böwet bolup biljekdigine halkara derejesinde göz ýetirilmegi sebäp bolandyr diýip çaklaýar.

Problemanyň möçberi

2009-njy ýylda Türkmenistan pul ýuwmakda hem terrorçylygy maliýeleşdirmekde “halkara maliýe sistemasyndan peýdalanmagy ähtimal töwekgelçilikli döwletleriň” arasynda agzalypdy.

Jenaýatçylykly girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça “FATF” halkara guramasynyň 2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen umumy maslahatynda oňa gatnaşan Ýewraziýa toparynyň wekilleriniň “FATF” guramasyny Türkmenistana we Özbegistana garşy sanksiýalary girizmezlige yrandyklaryny ITAR TASS agentligi habar beripdi.

Käbir synçylar jenaýatçylykly pullary kanunlaşdyrmak problemasynyň derejesi ýurtdaky korrupsiýanyň möçberine bagly diýip, pikir edýärler. Tebigy resurslary eksport ediji ýurtlarda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn edýän “Global Witness” guramasyndan Tomas Maýn uly möçberli korrupsiýaly ýurtda hapa pullary ýuwmak meselesiniň möçberi-de uly diýýär.

Sanobar Şermatowa Türkmenistanda jenaýatçylykly pullary kanunlaşdyrmak problemasynyň esasan neşe söwdasyna baglydygyny çak edýär. Bilermen Türkmenistanyň Ýewraziýa toparyna goşulmagyna, ýurduň belli bir derejede neşä garşy göreş ugrunda Owganystan bilen serhedini pugtalandyrmak, neşä garşy ýörite strukturany döretmek ýaly çärelerinden soňky indiki ädimi hökmünde garaýar.

Jenaýaytçylykly ýol bilen alynýan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň öňüni almak boýunça kanuny mehanizmler Türkmenistanyň “Jenaýatçylykly ýollar bilen gelýän girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça” kanunynda, ýurduň Jenaýat kodeksiniň 242-nji maddasynda we “Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň maliýe monitoringi boýunça dolandyryşy boýunça” kanunynda göz öňünde tutulýar.

Bikanun girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy Türkmenistanyň kanunlarynyň teksti Ýewraziýa toparynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG