Sepleriň elýeterliligi

Eýranda 4 adam dardan asyldy


Eýranyň Fars habar agentliginiň maglumatyna görä, neşe gaçakçylygynda aýyplanyp tussag edilen admlardan 4-si düýn bu ýurduň Ýazd şäherinde dardan asylyp öldürildi.

Adamlary dardan asyp öldürmek boýunça Eýran dünýäde ilkinji orunlarda durýan ýurtlardan biridir.

Eýranyň yslam kanunyna görä, adam öldürmek, nikasyz jynsy gatnaşyk gurmak, yslam dininden ýüz öwürmek we neşe gaçakçylygyna baş goşmak ýaly hereketleriň jezasy dardan asylyp öldürilmekdir.
XS
SM
MD
LG