Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Albaniýa, Bosniýa wiza režimini ýatyrmagy mümkin


ÝB-niň häzirki ýolbaşçysy Ispaniýa tarapyndan berlen maglumata görä, bileleşigiň şu ýylyň aýagyna çenli Albaniýa we Bosniýa garşy wiza režimini ýatyrmagy mümkin.

Ispaniýanyň içeri işler ministri Alfredio Perez Rubalakaba munuň üçin agzalýan şol iki ýurduň öz howpsuzlyk standartlaryny Ýewropanyň derejesine ýetirmelidigini nygtady.

Ispaniýaly ministr bu maksada ýetmek üçin agzalýan ýurtlara has köp tagalla etmelidiginiň aýdylanlygyny mälim etdi.

Rubalkaba Albaniýa we Bosniýa öz çärelerini tizleşdirse, bu ýurtlara garşy dowam edýän wiza režiminiň şu ýylyň güýzünden başlap ýatyrylmagynyň mümkindigini belledi.
XS
SM
MD
LG