Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda geçirilýän maslahat şu gün öz işini tamamlaýar


Owganystanyň paýtagty Kabulda 1600 töweregi delegatyň gatnaşmagynda geçirilýän üç günlük maslahat şu gün öz işini tamamlaýar.

Owganystanda dowam edýän dartgynlygy soňlamak üçin talyplar bilen gepleşikler geçirilmeli diýlen teklibe goldaw beriljekdiginiň yglan edilmegine garaşylýar.

Prezident Karzaý kim bilen gatnaşyk gurmaly we bu gepleşikler nähili alnyp barylmaly diýlen mesele boýunça bir pikire gelmek üçin delegatlar 30 topara bölünip, düýn özara maslahat geçirdiler.

Talyplaryň adaty agzalary ýaraglaryny taşlan halatynda olaryň günäsiniň geçiljekdigi we olara käbir mümkinçilikleriň hödürlenjekdigi baradaky teklibi Karzaý goldaýar.

Prezident Karzaý Al-Kaýdany terroristik topar diýip häsiýetlendirýän hem-de Owganystanyň esasy kanunyny ykrar edýän ýokary derejeli talyp ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirmegi teklip edip gelýär.
XS
SM
MD
LG