Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Üç arka» hem «gara sanaw» barada…


Düzüw jemgyýetde adam mertebesi onuň gelip çykyşy ýa-da wezipesi bilen däl-de, bitiren işi bilen kesgitlenilmeli. Arman, bu ýörelge Nyýazowa gezek gelende sowet döwründe işlemedi. Sebäbi metropoliýa üçin respublikanyň baştutany edip, öz aslyny tanamaýan, çagalar öýünde önüp-ösen, millilikden nam-nyşan bolmadyk adamy bellemek peýdalydy.

Bu nädogry ýörelgeden peýdalanyp, Nyýazow karýerasyny tä SSSR ýykylýança dowam etdi. Kremliň göwnünden turmak üçin onuň 1990-njy ýylda SSSR Ýokary Sowetiniň mejlisinde çykyş edip, özüniň ýetimligi bilen magtanmagy aýdylanlara şaýatdyr.

Bütinsoýuz ýetimegi...

Şol çykyşy üçin halklar arasynda Saparmyrat Nyýazowa «Bütinsoýuz ýetimegi» diýlip at berildi. Soýuz döwründe öz aslyny ýatlamak ýadyna-da düşmedik Saparmyrat Nyýazow SSSR ýykylyp, Türkmenistanda milli döwlet gurlansoň we özi-de mynasyp däl ýerinden onuň prezidenti wezipesini eýelänsoň, üýtgäp ugrady... Birdenkä oňa indi şalaryňky ýaly asyllylyk gerek boldy. Nyýazow şu mesele bilen türkmeniň nesil daragtyndan baş çykarýanlara ýüz tutdy, emma olardan göwni islän netijesini alyp bilmänsoň, bu işi Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna tabşyrdy. Netijede Nyýazowyň örän täsin, ýöne şol derejede-de diýseň emeli nesil daragty düzüldi…

55 ýaşly Nyýazowyň Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan döredilen şol aslyna eýe bolmagy türkmene maddy hem ruhy taýdan örän gymmat düşdi: Nyýazowyň şahsyýet kultunyň üstüne garaşylmadyk ýerden onuň – ozal uzak wagtlap öz inkär edip gezen! – hatda kimdigi doly anyklanylmadyk kakasynyň hem-de ejesiniň şahsyýet kultlary-da goşuldy. Nesil daragty diýen düşünje bolsa özüni şahsyýet derejesinde duýýan adamlaryň garşysyna ulanylýan eýmenç gurala öwrüldi. Döwlet edaralaryna işe girjekden, daşary ýurtlara gitjekden, prezidentiň gatnaşýan çärelerine gatnaşjakdan – tapawudy ýok: uly bolsun ýa çaga – uçdantutma nesil daragtynyň ýazgysy, ýagny üç arka dogan-garyndaşlarynyň sanawy talap edildi!

Onsoň şol üç arka hossaryň arasynda prezidentiňkiden üýtgeşik dünýägaraýyşly, prezidentiňkiden başga partiýanyň agzasy bolan ýa-da özbaşdak pikirlenýän şahsyýet bolaýdygy – gutardygy! Şondan soň gowy zady tama etme.

Şeýle güne salnan adamlar, gynansak-da, pislenen ýaly bolýardylar. Şondan soň pisleneniň özi-de, onuň maşgala agzalary-da, kä halatlarda onuň daşky garyndaşlaram Konstitusiýa tarapyndan kepillendirilen hukuklaryndan sudsuz hem duýduryşsyz mahrum edilýärdiler. Adamlar haýsy hukuklaryndan kesilendiklerinem bilmän, örtenýärdiler. Hukuksyzlyk bolsa olary mydama ýanap gezýärdi we garaşylmadyk ýagdaýda gürpbasdy edýärdi.

Pislän öldi, pislenenler kösenip ýörler...

Nyýazowyň döwründäki pislenmeleriň müddeti Nyýazowyň ölümi bilen gutaraýarmyka öýdülýärdi. Pislenileniň çaltrak aklanylmagyň arzuwyny etmejegi barmy?! Şol arzuw gargyşa meňzeş zatdy.

Baky prezident bakylyga gitdi. Emma pislenilenler aklanylmady. Gara sanaw bolsa hasam güýjedi. Indi onuň müddetiniň haçan gutarjakdygyny çaklamagam kyn. Bu karam düzgüniň öňüni alyp bolmaýan jezasy bolsa, ýaňy dogan çaganam seljerenok, amanadyny tabşyranam.

Ýurduň abadanlygy, halkyň gelejegi üçin janyny gaýgyrmadyk Awdy Kuly «gara sanaw» sebäpli Norwegiýada jaýlandy: keseki döwletem hossarlykda öz döwletimizden ibaly çykdy.

Türkmeniň günä ediläýende-de atasynyň günäsini oglundan soramazlygy bilen «Ýagşy ýigdiň aslyn soraýjy bolma» diýen ýörelgesi Nyýazow ýalylar üçin kabul ederden agyrrakdy. Wagt boldy. Indi bir döwletimiz şeýle ýörelgeleri kabul edip, «üç arka» bilen «gara sanawdan» saplanmaly. Bu adalatly ädim halk üçinem, döwlet üçinem des-deň zerur.

Nurberdi Nurmämmedow Aşgabatda ýaşaýan türkmen aktiwisti, "Agzybirlik halk hereketiniň" egindeş başlygy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG