Sepleriň elýeterliligi

Owgan jirgesi talyplar bilen ýaraşygyň tarapdary


Anna güni, Owganystanda geçirilen «Loýa jirge» maslahatynyň soňky güni, prezident Hamid Karzaýyň parahatçylyk baradaky plany dogrusynda jemleýji çykyşlar edildi.


Owganystanda 1600 delegatyň gatnaşmagynda geçirilýän «Loýa jirge» maslahatyny gurnaýjylar delegatlaryň parahatçylyk meselesinde umumy bir netijä gelendiklerini mälim etdiler. Ol netije şundan ybarat: talyp söweşijileri bilen özara ylalaşyga gelmezden, ýurtda parahatçylygy ornaşdyrmak mümkin däl.

Owganystanyň dürli taýpalaryna, regionlaryna we syýasy toparlaryna wekilçilik edýän delegatlar prezident Hamid Karzaýyň parahatçylyk baradaky 156 sahypadan ybarat proýektini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maglumata görä, bu mesele barada gurultaýda gelnen islendik karar hökmany ýerine ýetirilmeli karar däl-de, konsultatiw häsiýete eýe.

Hamid Karzaýyň bu parahatçylyk plany tussaglykdaky talyp söweşijileriniň günäsini geçmek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, talyplara maliýe ýardamlaryny bermek, şeýle hem, talyp liderlerine käbir daşary döwletlerden syýasy gaçybatalga almaga ýardam bermek ýaly planlary hem öz içine alýar.

Maglumata görä, bu gurultaýda delegatlardan döredilen 28 sany komissiýa parahatçylyk planynyň dürli taraplaryny içgin öwrenipdir.

Owganystanyň Badahşan welaýatyndan parlament deputaty Mewlewi Abdyl Mejit maslahatdaky delegatlaryň hemmesiniň parahatçylykly çözgütleriň tarapdarydygyny, ýöne, şeýle-de bolsa, parahatçylyk prosesini nämeden we nähili başlamalydygy baradaky meselede delegatlaryň arasynda henizem belli bir ylalaşmazlyklaryň bardygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, käbir delegatlar talyplar üçin berilýän gorag kepilnamasy ýurduň konstitusiýasynda hem berkidilmeli diýip hasaplasa, delegatlardan käbirleri parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin öňünden nähilidir bir şertleriň goýulmagyna garşy çykdylar.

Talyplaryň pozisiýasy

«Loýa jirge» maslahatyny gurnaýjylaryň optimistik garaýyşlaryna garamazdan, talyp toparlary özlerine hödürlenmekçi bolunýan şertleriň haýsydyr birini kabul etmäge meýillidiklerini häzire çenli aýan etmän gelýärler.

Gaýta, munuň tersine, şu hepdäniň çarşenbe güni «Loýa jirge» maslahaty açylan wagty talyp söweşijileriniň bir topary bu maslahatyň geçýän ýerine hüjüm etmäge synanyşdylar.

Bu atyşyklaryň yzy bilen talyplaryň internet saýtynda peýda bolan maglumatda «Loýa jirge» maslahatynyň daşary ýurtly harby güýçleriň talaplary we goýan şertleri esasynda geçirilýändigi aýdylyp, muňa protest bildiriji çagyryşlar öňe sürüldi.

Talyplaryň ýaýradan maglumatynda Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň islendik bir tagallasynyň diňe daşary ýurtlaryň Owganystandaky bähbitlerini goramaklyga gönükdirilýändigi nygtalypdyr.

Talyp söweşijileri parahatçylyk baradaky gepleşiklere başlanmazyndan öň Owganystandaky ähli daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan doly çykarylmagyny şert edip goýýarlar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2011-nji ýylyň iýulyndan başlap, öz harby güýçlerini Owganystandan çykaryp başlajakdygyny yglan edipdi. Emma Waşington amerikan güýçleriniň bu ýurtdan doly çykaryljak wagty barada welin, henize çenli anyk bir möhleti görkezmän gelýär.
XS
SM
MD
LG