Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa täze premýer-ministrini saýlaýar


Anna güni Ýaponiýanyň parlamenti ýurduň premýer-ministriniň wezipesine Naoto Kanyň kandidaturasyny oňlap ses berdi.

Naoto Kan mundan öň Ýaponiýanyň hökümetinde premýer-ministriň orunbasary hem-de maliýe ministri wezipesinde işläp gelipdi.

Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Ýukio Hatoýama şu hepde öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Jenap Hatoýamanyň wezipesinden çekilmegine soňky wagtlar onuň ýurtdaky syýasy abraýynyň pese gaçmagy sebäp boldy.

Hatoýama özüniň bu wezipesinde 8 aý işläpdi.
XS
SM
MD
LG