Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mahmud Ahmedinejad oppozisiýa haýbat atdy


Anna güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat geçen ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen prezident saýlawlarynyň ýyl dönümine gabatlap oppozisiýanyň geçirmekçi bolýan demonstrasiýalaryna garşy haýbat atyp, çykyş etdi.

Eýranyň ozalky ruhy lideri Aýatolla Ruholla Homeýniniň ölüminiň 21 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen hatyra çäresinde eden bu çykyşynda, ol oppozisiýanyň birugsat demonstrasiýa geçiren halatynda, muňa garşy berk çäreleriň görüljekdigi bilen duýduryş berdi.

Şeýle hem, ol ýurduň oppozisiýasyny Aýatolla Homeýniniň ýolundan çykýanlykda we Eýranyň ganym duşmanlarynyň tarapyny tutýanlykda aýyplady.

Ahmedinejatyň bu barada çykyş edýän wagty onuň tarapdarlary «Amerika ölüm!», «Ysraýyla ölüm!» ýaly şygarlary gygyryşdylar.
XS
SM
MD
LG