Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç gürji seperatistik regionlaryny ykrar etmez


Anna güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlary babatda Orsýetiň göreldesine eýermejekdigini we bu regionlaryň garaşsyzlygyny ykrar etmejekdigini aýtdy.

Kiýewde geçirilen metbugat konferensiýasynda bu barada eden çykyşynda, ol: «Men hiç haçanam Abhaziýanyň, Günorta Osetiýanyň ýa Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmändim. Bu wakalar halkara kanunçylygyny we normalaryny bozmak bolup durýar» diýip, belledi.

Bu wakadan bir gün öň, düýn Ukrainanyň parlamenti bu gürrüňi edilýän regionlaryň garaşsyzlygyny ykrar etmeklige garşy ses berip, bu barada ýörite karar kabul edipdi.

XS
SM
MD
LG