Sepleriň elýeterliligi

Gonkongda 1989-daky Týananmen wakasy hatyralandy


Anna güni Gonkongda Hytaýyň paýtagty Pekiniň Týananmen meýdançasynda 1989-njy ýylyň 4-nji iýunynda öldürilen demonstrasiýaçylaryň hormatyna ýörite hatyra çäresi gurnaldy.

Bu hatyra çäresini gurnaýjylar bu çärä 50 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny mälim etdiler.

Dogry 21 ýyl mundan ozal, 1989-njy ýylyň 4-nji iýunynda Pekiniň Týananmen meýdançasyna demonstrasiýa ýygnanan student ýaşlara garşy ýurduň şol wagtky hökümeti ýarag ulanypdy.

Harbylaryň ýarag ulanmagy netijesinde şol wakada student ýaşlardan ýüzlerçesi ölüpdi.
XS
SM
MD
LG