Sepleriň elýeterliligi

Bülent Arynç: “Ysraýyl-Türkiýe hyzmatdaşlygy kemeler”


Anna güni Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bülent Arynç Gaza sektoryna ýük alyp barýan parahatçylyk gämisine Ysraýylyň eden hüjüminden soň, Ysraýyl bilen täze hyzmatdaşlyklaryň ýola goýlup bilinmejekdigini, ozalky hyzmatdaşlyklaryň hem kemeldiljekdigini aýtdy.

Hepdäniň duşenbe güni bolan bu hüjümde gämidäki graždan işgärlerden 9-sy öldürilipdi. Olardan aglabasy bolsa, Türkiýäniň raýatlary.

Anna güni Ysraýylda saklanýan türkiýeli aktiwistlerden soňky bäşisini getirmek üçin Türkiýe Ysraýyla ýörite uçar ýollamaklygy planlaşdyrýar.

Ýakyň Gundogar boýunça Kwartetin ýorite wekili Toni Beleär Palestinanyň Gaza sektorynyň daşynda Ysraýylyň saklap gelýän blokadasyny «ters netije beriji» çäre diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG