Sepleriň elýeterliligi

Geçen ýylyň ahyrlarydy. Men paýtagtdaky kanselýariýa harytlary satylýan dükanlara aýlandym. Şol ýerden 2010-njy ýyl üçin agdarylýan kalendar satyn almakçy boldum. Hernäçe gözlesem-de, ony tapyp bilmedim. Satyjylar agdarylýan kalendaryň heniz dükanlara gelmändigini, şoňa garaşýandyklaryny, birneme soňrak gelmegimi maslahat berdiler. Men olardan: «Ýyrtylýan kalendar, iň bolmanda, stol kalendary ýokmy?» diýip soradym. Olar häzire çenli hiç hili kalendaryň satuwa gelmändigini aýtdylar.

Täze ýyldan birnäçe gün geçirip, ýene-de kanselýariýa harytlaryny satýan dükana bardym. Agdarylýan kalendar-da, asla hiç hili kalendar-da gelmändir. Diňe plakat görnüşindäki kalendarlar bar eken. Dükanyň işgärleri ýene birneme soňrak habar tutmagymy haýyş etdiler.

Işim çykyp, Türkmenabada, Balkanabada barmaly boldum. Agdarma kalendarlar, ýyrtylýan kalendarlar, stol kalendarlary bu ýerlere-de gelmändir.

Ahyr bizar bolup, kalendar gözlemäni goýdum. Has dogrusy, ony ýatdan-da çykardym. Günlerde bir günem paýtagtyň bazarlaryndaky kitap dükanlaryna hem göz aýlap görmegi niýetime düwdüm. Hususy kitap dükanlaryna bardym. Bagtyma bu dükanlarda ýyrtylýan kalendarlar bar eken. Özem olar üç-dört görnüşde dagy çykarylypdyr. Ýylyň başynda hatda bu kalendarlaryň alty-ýedi görnüşi-de bolupdyr. Ýöne olaryň köpüsi satylan eken. Arman, tapanyma begenip duran kalendarlarym rus dilinde eken.

Ýylyň başynda bu dükanlara hatda agdarma kalendarlar hem getirilipdir. Ýöne olar hem iňlis we türk dilinde çykan kalendarlar bolupdyr. Dili bahanalap näzirgemäge ýagdaý-da bolmady. Sebäbi ol kalendarlar hem satylyp gutarylan eken.

«Her zadam bolsa, hepde günlerini-hä görmäge ýardam berer» diýen niýet bilen, men rus dilinde çykan kalendarlaryň birini satyn aldym. Gynandyrýan ýeri, ol rus dilindedi. Rus dilindeligem hiç welin, baýramçylyklar hem Orsýediňkä laýyklanan. Aý, garaz, hiç tapylmadygyndan, rus dilindäkisi tapylsa-da bolýa-da.

Sebäbi näme?

Mundan ýigrimi-otuz ýyl ozal agdarma kalendarlary-da, ýyrtylýan kalendarlar-da çykarylýardy. Kalendar çykaryjylara nä döw çaldyka?!

Birinjiden, kalendarlaryň içine ýazylýan ýazgylary Galkynyşlar döwrüniň wakalaryna, baýramçylyklaryna gabatlamaly. Ýogsa Türkmenistanda Beýik Özgertmeler döwründen öňki wakalaryň gürrüňi kime gerek?! Bir ýylyň günleri bolan—365 güne degişli sahypalary diňe Beýik Galkynyşlar hem Özgertmeler zamanasynyň «ýatdan çykmajak», «şanly» wakalary hakdaky ýazgylar bilen doldurup çykmak üçin birinjiden-ä, ol wakalary ýazyp, düzüp, tertipläp bilýän zehinli adam gerek. Oňa-da bu işi tabşyrmak üçin ep-eslije pul tölemeli. Mugtuna hiç kim kalendaryň 365 sahypasyny dolduryp bermeýär.

Beýle möçberdäki pul kalendary hususy çykaryjylarda-ha ýok. Şonuň üçin olar aňsadyna bakyp, suratyny köpeldip satybermeli bolan plakat görnüşli kalendarlary çykaranlaryny gowy görýärler. Agdarma hem ýyrtma kalendarlary hökümetiň özi çykarsa-da boljak. Belki, kalendar sahypalaryny doldurmaga ukyply adam bilen pul hökümetde-de ýokdur.

Kalendar çap edilmezliginiň anyk sebäbini aýtmaga bizde takyk maglumat ýok. Ýöne bir zady welin, aýdyp bileris. Gerekmejek, gymmat bahaly gurluşyklardan ýurtda tokaý döredi. Şol gurluşyklara, gerekmejek baýramçylyklara, çärelere sarp edilýän pullardan iň bir ujypsyzja bölejigi kalendar neşirine gönükdirip bolsa, halky kalendar bilen üpjün edip bolardy.

Şu wagtdan gamyny iýmeli

Kalendar işleýän adamlaryň hemmesine gerek. Haýsy gün nähili senäniň bellenýänini anyklamaga-da, hepde günlerinde etjek işleriňi bellemäge-de agdarma hem ýyrtylýan kalendarlaryň haýry örän kän. Özem kalendarlaryň dürli görnüşlerini—çagalara, ýetginjeklere, ýaşlara, aýallara, edebiýata, sungata, medeniýete, ykdysadyýete degişlilerini-de çykarmak gerek. Olaryň höwes bilen satyn alynjagy, okaljagy görnüp dur. Bu işi ýerine ýetirmek üçin näçe kişä iş, näçe girdeji bar. Ýöne Türkmenistanda şujagaz meseläni-de orta atyp, ony hem çözjek bolýan kişem ýok.

Bu ýyl kalendarsyz oňuldy. Indiki ýyl hem şeýle ýagdaýa düşülmezligi üçin wagtynda gamy iýilse gowy bolar, ýagny agdarma, ýyrtylýan, stol kalendarlarynyň dürli görnüşlerini çykarmak üçin şu günlerden alada edip başlamaly.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG