Sepleriň elýeterliligi

Gandagardaky partlamada bir adam ölüp, 14-si ýaralandy


Owganystanyň günortasynda, Gandagar şäherinde şenbe güni bolan partlamada bir polisiýa işgäri ölüp, parahat ilatdan on dört adam ýaralandy.

Gubernatoryň rezidensiýasynyň golaýynda duran welosipede partlaýjy maddanyň goýlandygyny polisiýa habar berdi.

Bu waka ýurtda milli ýaraşyk gazanmak problemalaryna bagyşlanan “Loýa jirgäniň” maslahatynyň tamamlanan gününiň ertesi boldy.
XS
SM
MD
LG