Sepleriň elýeterliligi

Polşada prezident saýlawlary kampaniýasy başlandy


Şenbe güni Polşada prezidentiň wezipesine kandidatlaryň arasynda saýlawlaryň öň ýanyndaky agitasiýa başlandy.

Ýurduň birinji kürsüsine dalaş etjekler dokuz adam.

Garaşylyşy ýaly, syýasy göreş “Graždan platformasy” partiýasynyň wekili Bronislaw Komarowskiý bilen “Kanun we adalat” partiýasyndan kandidat Ýaroslaw Kaçinskiniň arasynda gider.

Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiý hem ýene 95 adam 10-njy aprelde Smolenskiniň eteginde uçar betbagtçylygynda heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG